Sahna barada maglumat

Öldür meni ezizim
LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

Bu sahna oýny ynsan durmuşynda söýgi duýgulary bilen baglanyşykly bolup geçýän wakalaryň biri hakynda beýan edilýär. Bu sahna oýnunda iki sany uly ýaşly, dul galan zenanlaryň ýaşyna we durmuş ýagdaýyna seretmezden olaryň ýaşaýyşa bolan höwesleri, ýaşlarynyň uly bolsa-da göwünleriniň ýaşlygy bilen bagly wakalar janlanýar. Iki zenan bir-biriniň öňünde özüni gereksiredip görkezmek maksady bilen poçtanyň üsti bilen öz-özlerine söýgi hatlaryny ýazyp, soňundanam bir-birine okap bermek, öwünmek ýaly häsiýetleri sahna çykýar. Sahna oýnuny 3 artist, ýagny iki zenan we bir erkek adam ýerine ýetirýär. Adamzadyň ajap duýgusy bolan söýginiň ýaş tapawut saýlamaýandygy bu sahna oýnunda aýdyň şöhlelenýär.

 

KEŞPLERI DÖREDÝÄN ARTISTLER:

 

Siýen

Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Suhanowa.
 

Diha

artist Ýagşygül Açilowa.
 

Kontrolýor

artist Çary Dolyýew.