Sahna barada maglumat

Koýşir
LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

Bu sahna oýnunyň wakasy çagalykda saý-sebäp bilen goýun sürüsine düşüp, şol ýerde ulalan gaplaň çagasy hakynda. Ýyllar geçenden soňra gaplaňlaryň bu wakany bilip goýunlaryň ulaldyp ýetişdiren Koýşiri yzyna almak ugrunda döreýän wakalar tomaşaçyny täsirlendirýär. Betnebis şagal sürüleriniň guraýan her hili oýunlary eseriň gapma-garşylygyny has-da artdyrýar. Eseriň jeminde mundan beýläk gaplaňlar bilen ýa-da goýunlar bilen ýaşamak ygtyýary Koýşiriň özüne berilýär. Eserde artistler tarapyndan haýwanat dünýäsi janlandyrylsa-da gelip çykýan many ynsan dünýäsi bilen kybaplaşýar.