Sahna barada maglumat

Gyrat
LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

Gyrat sahna eseri türki halklarynyň arasynda giňden ýaýran Görogly eposynyň “Gyratyň ogurlanyşy” atly bir şahasydyr. Spektaklda ýedi derýanyň suwuny içen, bet niýetli Zulman kempiriň mekirligi we jadygöýligi bilen aldawa düşüp aldanan Görogly begiň Gyratynyň ogurlanyşy aýdyň açyk görkezilýär. Aldawa düşen Görogly ogurlanan Gyraty yzyna gaýtarmak maksady bilen özüniň diňe güýjine daýanman, adamkärçiligine, rehimdarlygyna, ugurtapyjylygyna, bedewe bolan söýgüsine, Agaýunus periniň akyl-paýhasyna daýanyp Gyraty yzyna gaýtaryp alyşy, uly toý tutuşy esasy orny tutýar.

Oýunda türkmeniň gaýduwsyzlygy, mertligi, ugurtapyjylygy, bedew ata bolan garaýyşy, oňa bolan söýgüsi, öz söýgülisine bolan wepalylygy, birek-birege hormaty eserde eriş-argaç bolup geçýär.