Sahna barada maglumat

Gülpam
LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

“Gülpam” sahna eseri türki halklaryň arasynda giňden ýaýran. “Soltan Söýün we Myraly” ady bilen belli bolan dessanyň bir şahasydyr. Dessanyň many-mazmuny asyrlaryň dowamynda dilden dile, nesilden nesle geçip, biziň döwrümize ýetipdir. Dessanyň ýaş nesli dostluk, Watana, halka bolan söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýeti bar.

Dessanyň içinden Soltan Söýün bilen Gülpamyň arasyndaky birek-birege wepalylylyk, söýgi gatnaşyklary eriş-argaç bolup geçýär.