Sahna barada maglumat

Gel kenara söwer ýar
LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

Ynsan durmuşynyň gözelligi söýgide. Söýüp hem söýlüp ýaşamak dünýäde iň uly bagt bolsa gerek. Emma hiç bir ynsany özi söýmese ony söýdürip bolmaýar. Atalarymyz şonuň üçin-de “söýmedige süýkenme” diýip aýdyp geçipdirler. Söýgä erk edip bolmaýar. Ýöne söýgä mynasyp bolup bolýar ýa-da päk ýürek bilen gazanyp bolýar. Kän duş gelinýän wakalaryň biri-de köp halatlarda ene-atalar perzentleriniň durmuşynyň meselesini özleri çözmek isleýärler. Emma iki ýaş juwanyň arasynda duýgy ýa ysnyşyk, göwündeşlik bolmasa ol durmuşyň binýadynyň berk bolmajagy ýüze çykýan halatlara duş gelinýär. Bu mesele uly seljermäni talap edýär. Şol seljermäni bu sahna oýnunyň wakalarynda görüp we duýup, netije çykaryp bolýar.