Sahna barada maglumat

Garry möjek
LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

A.Işangulyýewiň “Garry möjek hakynda” atly ertekisi ýaş tomaşaçylar üçin terbiýeçilik ähmiýeti uly bolan ertekidir. Ýaşy bir çene baryp indi garran, aw-şikar edip bilmän azara galan garry Möjek açlykdan kösenýär. Ol elmydama Towşany kowalap ony iýjek bolup ýörýär. Bir günem Towşanyň doglan güni bolýar. Şonda garry Möjege balyk iýmegi we beýleki zatlary iýmegi tokaý jandarlary öwredýär. Ol şonda-da Towşany iýjek bolýar. Şonda garry Möjegi aldawa salyp, el-aýaklaryny baglap, oňa gaýdyp Towşana azar bermejegini, iýmejegini boýnuna goýýarlar. Möjegem indi gaýdyp hiç kime azar bermejegine söz berýär.

 

KEŞPLERI DÖREDÝÄN ARTISTLER:

 

Möjek

artist Toýly Çarymuhammedow.

 

Towşan

artist Dilýaram Nurmammedowa, artist Aýna Rozyýewa.

 

Garga

artist Gülbahar Gurbankulyýewa, artist Aýgözel Sahatowa.

 

Aýy

artist Rozmyrat Öwezow, artist Çary Eýeberenow.

 

Köpçülik sahnalarynda

teatryň artistleri.