Sahna barada maglumat

Ene toprak
LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

Bu eseriň wakasy 1941-1945-nji ýyllardaky Watançylyk urşy döwründe bir gyrgyz maşgalasynda bolup geçýär. Maşgalanyň üç ogly bar. Üç oglyny hem urşa ugradan ene öz ýoldaşyny hem urşa ugratmaly bolýar. Uly oglunyň gelni bilen iki bolup galan ene umydyny söndürmän olaryň gaýdyp gelmegine garaşýar. Emma iki oglundan, ýoldaşyndan aýra düşen Ene gelninden hem aýrylýar. Ýeke ýalňyz galan ene öz derdini topraga aýdyp toprak bilen gepleşip, dertleşip ýörýär. Bu eseriň wakasy türkmen tomaşaçylaryna juda ýakyn. Sebäbi şu günlere çenli urşa giden ýarlaryna garaşyp oturan ak saçly türkmen enelerimiz beýik nusgalyk mekdebidir.