Sahna barada maglumat

Döwletli döwran
LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY

Bu eser bagtyýarlyk döwrümizde bolup geçýän waka bilen esaslandyrylýar. Ýaşuly, halypa lukmanyň maşgalasynda agzybirlik höküm sürýär. Onuň iki ogly bir gyzy bar. Halypa lukman maşgalasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ýöredýär. Uly ogly oba hojalykçy alym, ikinji ogly talyp we körpe gyzy şahyr bolýar. Eserde esasy gapma-garşylyk lukmanyň talyp ogly söýgä duçar bolýar. Emma türkmençilikde aga duran mahaly inä öýlenmek hakynda gürrüň açmak aýyp hasap edilýär. Agasynyň bolsa bar işi ylym. Şeýlelikde agasynyň öýlenmek meselesini çaltlaşdyrmak üçin inisi we uýasy her hili oýun gurnaýarlar. Ahyrynda-da her kim arzuwyna ýetýär.

               

KEŞPLERI DÖREDÝÄN ARTISTLER:

 

Aşyr aga

Türkmenistanyň halk artisti Babageldi Rejebow.

 

Akjagül eje

Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Suhanowa.

 

Babamyrat

Türkmenistanyň at gazanan artisti Babamyrat Aşyrow.

 

Döwran

artist Döwran Joraýew.

 

Tawus

artist Dilýaram Nurmammedowa.

 

Mähri

artist Aýna Rozyýewa.

 

Myrat aga

artist Akmyrat Jumageldiýew.

 

Aýna

artist Gülbahar Gurbankulyýewa.

 

Mähriban

artist Gülälek Şaýmerdanowa.

 

Şirin

artist Ogulbossan Ýazjumaýewa.

 

Köpçülik sahnalarda

teatryň artistleri.