Sahna oýny Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda ylmy maglumatlary getirilen, halkymyzyň içinde dilden-dile rowaýat bolup geçip gelen Daýahatyn hakynda. G.Hanowanyň “Daýahatyn” atly poemasynyň sýužetlerine esaslanýan bu sahna eseri Lebap welaýatynda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlik bilen bagly rowaýaty sahnada janlanýar. Sahna oýnunda söýgi we wepadarlyk töhmede, dildüwüşige garşy göreşýär. Amulyň hökümdarynyň bir ussa gyzyna aşyk bolmagy bilen bolup geçýän wakalar gapma-garşylyga, uly synaglara duçar bolýar. Netijede, söýgi we wepadarlyk hemme zatdan üstün çykýar.