Sahna barada maglumat

Ýegşerme goja, ýegşerme
MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY

Dramaturg B.Abdyllaýewiň bu sahna eserinde ene-ata bolan hormatyň, olara goýulýan gadyr-gymmatyň näderejede bolmalydygy beýan edilýär.

Maşat aga hormatly dynç alyşda, öz aladasy bilen bolup ýören adam.

Ýöne, onuň çagalary, maşgala agzalary başgaça. Olar kakasyny garrylar öýüne tabşyrmak üçin maslahat edýärler. Maşat aga bularyň  gürrüňlerini eşdip, lukman dosty

Sadyk aganyň maslahatyna eýerip, hile gurap, yaraman ýatan bolýar.

Şondan soň, maşgalada  dogan-dogany sylamasa, öýde baş bolmasa bolmajakdyklaryna göz ýetirip, kakasynyň tiz sagalmagyny dileg edýärler.