Türkmenistanyň halk ýazyjysy Bazar Öwezowyň bu sahna eseri Türkmenistanyň halk artisti Abdylla Ýakubow tarapyndan sahnalaşdyrylyp, häzirki wagtda hem özüniň gozgaýan temasynyň wajyplygy bilen teatryň repertuaryndan düşmän, halk köpçüligine görkezilip gelinýär.
Spektaklyň wakasy türkmen obalarynyň birinde bolup geçýär. Öý eýesi Haknazar aga we onuň aýaly Amansoltan eje ogullary Nursähet bilen gelinleri Nurnabada agtyk isleýändiklerini, onda-da ogul agtyk isleýändiklerini duýdurýarlar. Ojagyň odunyň öçmez ýaly ogul perzendiň gerekligi ýaşulylary heýjana salýar. Ýaşlar bolsa iki sany gyzymyz bar şolar bolsa ojagy saklar diýip ginekolog lukmana ýüz tutup nesil önmez ýaly çäresini görýärler. Haçanda bu wakaň üsti açylyp aýan bolandan soň ýaşululary has-da howsala salýar. Spektaklyň içinden ojagyň oduny öçürmezlik, nesil öndürmek ýaly meseleler eriş-argaç bolup geçýär. Spektaklyň soňunda ýaşlar öz göýberen ýalňyşlykaryna düşünip, ýaşululara ogul-agtyk dünýä indirip berýärler. Ine şu wakadan soň maşgalada agzybirlik, asudalyk, rowaçlyk höküm sürýär.