Sahna barada maglumat

Mülk
MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY

Gurbandurdy Nazarowyň bu sahna eserinde iki dogan Halyk bilen Kerweniň arasyndaky gapma-garşylyklar, maşgalada bolup geçýän wakalar gülküniň üsti bilen beýan edilýär. Waka türkmen obalarynyň birinde bolup geçýär. Öý bikeleri Geregiň hem-de Suraýyň oňuşuksyzlygy zerarly, aga-ininiň arasynda gapma-garşylykly wakalar, özara düşünişmezlikler ýüze çykýar. Spektaklda Geregiň üsti bilen ýalan, nädogry wakalar çişirlip iki doganyň arasyndaky gapma-garşylygyň, dawanyň döremegine getirýär.  Bu dawaly meseleleri spektaklyň soňunda gulluk borjuny dynyp gelen Kössek gutarnykly çözýär. “Zähmet çekseň, rehnet ýagýar” diýlen türkmen nakylyndan ugur alyp, kakasy bilen agasyny hakyky zähmete çagyrýar.