Sahna barada maglumat

Jennet mukamy
MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY

Bu spektaklyň özeni sazyň piri Babagammar hakyndaky rowaýatlardan düzülen.

Spektaklda ady belli sazyň piri hasaplanýan Babagammaryň ýaşlyk döwri örän gyzykly wakalaryň üsti bilen teswirlenýär. Babagammar ýaş döwründe saz bilen gyzyklanyp, mukamlaryň dünýäsinde ýaşap, öz ussatlygy bilen ilkinji dutary tut agajyndan, owadan sazlary, mukamlary döredip, halka özüni aldyrýar. Ol şol wagtlar köşkde ýaşap ýören Gul atly owadan şa gyzyna aşyk bolýar. Emma, ony näme etseler-de, köşge göýbermeýärler. Ol birbada ejizlese-de, soň ugur tapyp başga lybaslary geýnip köşge girmägi başarýar. Ol şol ýerde özüniň ussatlygy bilen gyzyň kakasyny öz gyzyny sazanda bärmäge razy edýär. Şeýdip, Babagammar maksat myradyna ýetip, “Jennet mukamy” atly örän ajaýyp saz döredýär. Spektaklyň ahyrynda şol ajaýyp saz sahnada ýaňlanyp, hemmeleri haýran edýär.