Nobatguly Rejebowyň bu sahna eserinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen talyp ýaşlarynyň akyl-paýhasy, parasatlylygy, watansöýjüligi aýdyň açylyp görkezilýär. Spektaklyň baş gahrymany Hezret özüniň ýygralygyna, utanjaňlygyna garamazdan, okuw jaýyna täze okuwa giren 1-nji ýyl talyby, şadyýan göwni açyk öz owadanlygy bilen talyp ýigitleri aňk edýän Eýjejik diýen gyza aşyk bolýar. Spektaklyň dowamynda ýaşlaryň biri-birine bolan söýgüsi pajarlap ösüp ýokary derejelere ýetýär. Spektaklda epizodiki gahrymanlaryň hem biri-birine bolan söýgüsi giňişleýin beýan edilýär. Spektaklyň soňunda türkmen ýaşlarynyň Garaşsyz Watanyna, türkmen topragyna, halkyna bolan söýgüleri giňişleýin beýan edilýär. Spektaklda şu günki ýaş nesillerimiziň akyl-paýhaslylygy, parasatlylygy ugur tapyjylygy köp zatlardan baş alyp çykýanlygy subut edilýär.