Dramaturg Aşyr Mämiliýewiň bu täsin sahna eserinde adamlaryň bedewe bolan söýgüsi, guwanjy özboluşly görnüşde, örän owadan hereketleriň üsti bilen suratlandyrylýar.
“At çopanyň” keşbini döredýän aýdymçy-artist Hoja Batyrowyň hoş owazy, owadan zenanyň keşbini ýerine ýetirýän artist Bibi Aýmakowyň aýdym-saza bolan söýgüsiniň üsti bilen utgaşyp, sahnada görkezilýän gyzykly wakalar, tomaşaçylarda ajaýyp duýgulary döredýär. Bedewe bolan belent duýgy her bir tomaşaçyny ganatlandyrýar, öz halkyna, Mähriban Arkadagyna bolan guwanjy, buýsanjy has belent derejelere göterýär.