Sahna oýny türkmen halkynyň aňynda uly yz galdyran “Görogly” şa dessany esasynda ýazylyp, onda Göroglynyň ýetginjeklik döwründäki wakalar beýan edilýär. Görogly atasy Jygalybegden ak pata alyp, ýurt söküp, mazaly ýaraglanyp, öz ýurduna Çarbagly Çandybile dolanyp gelýär. Ýolda oňa kakasy Genjim begiň kyrk ýigidi we Köse beg gabat gelýär. Olar birbada Göroglyny tanamansoňlar onuň bilen tutluşyp güýç synanşýarlar. Spektaklyň dowamynda Köse dagy bu ýigidiň Genjim begiň ogludygyny anyklanlaryndan soň, onuň özlerine serkerde bolup öňlerine düşmegi haýyş edýärler. Spektaklda Göroglynyň Watana, halkyna bolan söýgüsi, ynsanperwerligi, şahandazlygy, akyl-paýhasy, Agaýunus perä bolan söýgüsi aýdyň açylyp görkezilýär.