Sahna barada maglumat

Tumar şa
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

G.Daňatarowyň “Tumar şa” atly sahna oýny.

Sahna oýny Massagetleriň zenan patyşasy Tumar şa, onuň ýaşan döwri, çeken ejiri, başdan geçiren külpetleri, dostlary, duşmanlary, Watana bolan çäksiz söýgüsi hakynda.

Massagetleriň ak tagmaly we gara tagmaly taýpalary özara oňuşmaýarlar. Şa ölenden soň onuň ýerine kimi goýmaly? Şu sorag olary hasam öjükdirýär.

Şazada Nur entek ýaş, ol syýasat we söweş tälimlerini mazaly öwrenmeli. Oňa garamazdan şazada Edala – köşk emeldary Saakyň gyzyna aşyk bolýar. Ýaş ýigit, gara tagmalylaryň şol gyzy diýip, bar zada taýyn. Ahyry hem, aldawa düşüp, heläk bolýar. Tumar şanyň duşmanlary başda şazada Nuruň üsti bilen, ony ölümden halas edip, Tumar şanyň ygtyýaryny doly aljak bolýarlar.

Watanyny jany-teni bilen söýýän Tumar şa, ýurduny, ilini hiç zada – hatda bagryndan önen oglunada çalyşmajakdygyny beýan edýär we Watan üçin söweşe girýär.

Ogly ölse-de, Tumar şa Watanyny satmaýar. Agyr söweşde üstün çykýar.