Sahna barada maglumat

Saýathan
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

Hemra bilen Selbinýaz bir-birlerine hoş umyt bilen garaýarlar. Emma gezende Garapudak Gyzylalma şäherinden Mämmet hanyň gyzy Saýathany öwüp: “Şony alybilseň, galmazdy kemiň. Ol bir goç ýigidiň arzuwyn çeker”, “Hemrajana Saýathan gyz ýaraşar” diýip, Hemranyň gonjuna gor guýýar. Hemra ýola rowana bolýar.

Hemranyň atasy Aşyk Aýdyň: “Oglum, ýeke gitseň ýolda ýitersen, eýse men hem seniň bilen gidermen” diýip, ogluna hemdem bolup ýola düşýär.

Aşyk Aýdyňdyr Hemra Saýathanyň çar bagynda peýda bolýarlar. Gyzlar olary Saýathanyň huzuryna getirýärler. Saýathan Hemra aşyk bolýar. Emma Hemranyň:

“Ýüzüni meňzetdim Aý bilen Güne, bir tersa gyzydyr hiç girmez dine” diýen sözleri Saýathana ýaramaýar. Ol ataly ogly agaja daňdyrýar. Hemranyň bir bakyşda Saýada aşyk bolşy ýaly, Saýathan Hemranyň hoş owazyna maýyl bolup: “Hemra munda galsyn, eltiň köşge! Babajan siz gaýdyň” – diýip, Aşyk Aýdyňy yzyna ugradýar. Yzyna dolanyp gelýärka Hemranyň gyzlar bilen gujaklaşyp duranyny görüp, ony zyndana saldyrýar.

Saýathan özüni oda salan ýaş ýigide dözenok. Ony görmäge zyndana barýar. Hemra Saýathany ýürekden söýýändigini äşgär edip “Biziň ile gideli” diýýär. Saýathan razylaşýar. Olar ýola düşýärler.

Olaryň yzyndan kowgy gelýär. Saýathan: “Men şa gyzy, sen telek iş edýäň” diýip, Mämmetsöýün serdaryň ýüzüne durýar. Kowgybaşy şagyzynyň mertligini görüp, olary boşadýar. “Kysmatyň ne bolsa gör indi, Saýathan. Hemra ýaryň bolsun!” diýip, olary ýola salýar.

“Hemra gelýär, Saýathany alyp gelýär” diýen habara uly-kiçi ýygnanýar. Aşyk Ahmet: “Oglum geldi, bagtym geldi! Sazandalar saz etsinler, toý öýüni uz etsinler” diýip toýy uludan tutýar.