Ýaşlar Aziýada taýýarlanýarlar. Biri türkmen göreşi boýunça güýç synanyşsa, beýlekisi tekwando boýunça ýaryşýar.
Athanada hem taýýarlyk işleri güýçli depginde alynyp barylýar. Atlaryň tarypy ýetirilýär. “Görogly” şadessanyndan parça aýdylýar. Myhmanlaryň arasynda daşary ýurtlylar hem bar.
Şirin 10-12 ýaşlaryndaka ippoterapiýa keseline uçrapdyr. Ony ata mündirip, derdinden dyndyrypdyrlar. Ol çagaka gatnan ýerine gelip, Seýis we onuň ogly Merdana bilen duşuşmak isleýär we çagaka olar bilen düşen suratyny goýup gidýär. Ol Merdana ony tanar diýen umytda. Weterinar gyz Keýik, Merdanany Şirinden gabanyp, surat barada oňa hiç zat diýenok. Başagaýlykda gaçan suraty Seýis tapyp, Merdana berýär. Merdana özüniň köne tanyşy, ýaşlykda ata mündirip gezim etdiren, aýdymçy gyz Şiriniň gözlegine çykýar. Bu işde oňa dostlary kömek edýär. Ýaşlar birek-birege köňül beren ekenler. Olar duşuşýarlar we Aziýadany mynasyp garşylamaga hemmeleri çagyrýarlar.
Sazy – Nurygandym Hojamuhammedow
Librettosy – Gowşutgeldi Daňatarow
Režissýory – Aýnazar Batyrow