Sahna barada maglumat

Päk söýgüniň güýji
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

Sahna oýnunda iki goňşy, iki dost dünýä injek çagalaryna garaşýarlar. Olaryň biriniň ogly, beýlekisiniň gyzy bolýar. Emma bäbekhananyň işgärleriniň günäsi bilen çagalar çalşyrylýar. Gyzy bolan Tylla oglan – Sözen berilýär, ogly bolan Merjene gyz – Doýduk berilýär. Ene atalar hiç zat duýman çagalaryny bäbekhanadan alyp gaýdýarlar.

Çagalar ýaşlygyndan bile önüp-ösýärler. Sözen bilen Doýduk bileje oýnap, bileje tirkeşip ulalýarlar.
Bäbekhananyň işgäri Şuşu daýzanyň günäsi bilen bu edilen gabahatlygy Durdynyň daýysy Nummat kötekleýär. Şuşu daýzany halasa-da, Bammat daýy onuň gödek ýalňyşandygyny ýüzüne basýar we ol tötänligi ýüze çykarjakdygyny aýdýar.

Iki köne dostuň arasyna tow düşüp, ikisi tersleşýär. Emma, näçe igenişseler hem biri-birsiz oňmaýarlar, birek-biregi küýseýärler. Köne dostlugy ýatlaýarlar. Maşgalabaşylaryň arasyna düşen tow, Sözen bilen Doýduga täsir edýär. Çagaka sögüşip-käýişip ýetginjek çykan çagalar, päk söýgüniň täsirine düşýärler.

Eseriň ahyrynda iki maşgalanyň arasyna düşen diwar ýykylýar. Dostlar ýene birek-birege gujak gerýärler. Olaryň şatlygy maşgala agzalarynyň hemmesiniň göwnüni göterýär we dostlaryň ýene-de ysnyşmagyna, iki maşgalanyň ýene-de agzybir, dostlukly ýaşamagyna getirýär. 

Sahna oýnunyň ahyrynda Şuşu daýza Bammada, Doýduk Sözene göwün berýär. Päk durmuş dowam edýär.