Sahna barada maglumat

Leýli we Mežnun
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

Gadym eýýamlarda iki maşgala goňşy bolup ýaşapdyr. Olaryň biriniň Leýli atly gyzy, beýlekisiniň bolsa Kaýys atly ogly bolupdyr.  Kaýyslar Leýlä gudaçylyga barýar, emma bagda Kaýysyň Leýli bilen durandygyny gören Leýliň kakasy, adatyň bozulandygyny bahanalap, sözaýdyjylary kowýar.

Leýli bilen Kaýys oňa ýalbarsalar-da nepi degmeýär. Leýliniň kakasy Kaýysa “Sen Mežnun” diýip, ony näletleýär.

Kaýysyň kakasy ogluny Mekgä Haja äkitse-de, nepi degmeýär. Kakasy oglunyň bolşuna namys edip jan berýär. Kaýys “Leýli! Leýli” diýip, çöl beýewanlara urup gidýär.

Mežnun adyny alan Kaýys Käbä gidip, toba edip, Hajy bolan Nowfula duşýar. Nowful oňa kömek etmäge taýyn, Mežnuny Leýlä öýermekçi. Emma täleýi ters gelen Leýli, başga birine durmuşa çykarylmagyna garşy bolup zäher içip ölýär. Kaýys hem onuň jesediniň üstünde jan berýär.

Türkmen saz sungatynyň altyn gaznasyna giren bu opera, biri-birine wepaly bolan, päk söýgüni wasp edýär. Leýlidir Mežnunyň keşpleriniň üsti bilen adalaty söýgä wepaly bolmaklygy, dostlugy, wasp edýär. Ynsan diýen adyň belent tutulmalydygyny ündeýär.

Garaja Burunowyň librettosy boýunça kompozitorlar Daňatar Öwezow bilen Ýuliý Meýtus tarapyndan ýazylan bu opera halkymyzyň, söýgüli dessanynyň esasynda döredilip, ondaky aýdym-sazlar, tanslary folklýor materialynyň jümmüşinden alynandyr. Bu operany Gündogar halklarynyň döreden saz eserleriniň naýbaşylarynyň hataryna goşup bolýar.