Sahna barada maglumat

Hüýrlukga-Hemra
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

Hysrow şa öz ýurdunyň tebiplerini, gurrandaz-müneçjim, dalaýmanlaryny çagyryp, öz derdiniň dermanyny soranda, olaryň biri Erem bagynda saýraýan Bilbilgöýä atly guşuň owazyny diňlese, janynyň aram tapjakdygyny aýdýar. Şa ogullary Hurşyt bilen Ziweri ýanyna çagyrýar. Atamyz üçin näme etmelem bolsa taýýar diýip duran ogullary atalarynyň şertini eşidip, müň dürli bahana tapýarlar, atalary olary köşkden kowýar. Hysrow şanyň Çyn ýurduna giden körpe ogly Hemra gelip, Bilbilgöýäniň gözlegine – düýşünde gören perizat gyzy Hüýrlukganyň ýurduna Erem bagyna gitmäge razy bolýar. Huşryt bilen Ziwer weziriň gepine gidip, Hemrany hile bilen “Gitse gelmez” ýoluna ugradýarlar. Hemra az ýöräp, köp ýöräp, öz düýşünde aşyk bolan gyzy Hüýrlukganyň watanyna baryp düşende ony Selip keniz görüp Hüýrlukga habar berýär. Hemra perä özüniň Bilbilgöýä guş üçin gelendigini mälim edýär. Ol guşy Hüýrzagpyranyň bagynda Heştiruh atly döw saklaýar eken. Hüýrzagpyran Hemranyň baga girenini duýup, kenizlerine tutdurýar, jemalyny görübem aşyk bolýar. Kelany çagyryp nika gyýdyrjak bolup durka, Hüýrlukga ýetişýär. Ol Erem bagynyň tagtyndan el çekip, Hemrany bilbilgöýä bilen Müsüre ugradýar. Hemra dolanyp gelýärkä doganlary bilen aýrylyşan ýerine gelip, olary kellepeziň bendiliginden azat edip alyp gaýdarman bolýar. Emma onuň doganlary hem wezir bilbilgöýäni alyp, özüni urup çaý düýbüne oklaýar. Gelibem atalaryna Bilbilgöýäni getirendiklerini buşlaýarlar. Emma bilbilgöýä saýramar, sebäbini soranlarynda Hemranyň nirededigini aýdýar. Hüýrlukga hem Hemrany soraglap gelip, ony çaýdan çykarýar, şol wagtam Hysrow, aýaly Mähriban we Güljemile gelýärler we aşyklar maksat-myratlaryna ýetýärler. Päk söýgi dabaralanýar.