Sahna barada maglumat

Hazyna
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

Halk arasynda aýdylýan rowaýatyň esasynda ýazylan bu sahna oýnunda  ynsanyň ruhy baýlygy barada söhbet açylýar.

Köp ýyllaryň dowamynda çölde çopançylyk eden ýaşuly çopan Hydyr görýär. Ol Hydyr atadan baýlyk dilemeýär, päk wyždan, ynsap dileýär.

“Çopan Hydyr görüpdir, ummasyz baýlyk tapypdyr” diýen gürrüň onuň ogul-gyzlaryny we gelinlerini aljyraňňylyga salýar. Her kim onuň baýlygyna göz gyzdyrýar.

Gülküli ýagdaýlara sezewar bolanlar, öz häsiýetlerini açyp görkezýärler. Gelnem, oglam çopany öz tarapyna çekmekçi, onuň baýlygyna eýe çykmakçy, ondan peýdalanmak hyýalyna düşýär.

Eseriň ahyrynda çopan öz çagalarynyň bolup ýörşüne gynanýar, olaryň harsy dünýäligine nebsi agyrýar. Ol Hydyr atany göräýen hem bolsa, pul baýlyk dilemän özüne we töweregindäkilere saglyk, uzak ömür, wyždan päkligi, ynsap dilemekçi bolardym diýen manyda gürläp, töweregindäkileri masgara edýär.

Sahna oýnunda ynsanyň ynsaply we kanagatly bolmaklygy ündelýär.