Sahna oýny Beýik Watançylyk urşunyň galagoply wakalaryndan, ynsanyň hakydasynda galan döwründen söhbet açýar.
Köp külpetleri başyndan geçiren Amangül eje ýanýoldaşlary, ogullary urşa gidip, tylda horluk çekýänlere göwünlik berip, olaryň ruhlaryny galdyrýar. Onuň özem, iliň iň bir hormatlanýan adamsy bolan ýanýoldaşyndan, jiger bagryndan önen zürýatlaryndan jyda düşüp, agtyjagy Arslan bilen galýar.
Waka Arslan bilen onuň göwün beren gyzy Güljemal ikisiniň duşuşygyndan, ajaýyp söýgi sahnasyndan başlanýar. Ýaşlar biri-birlerini jany-teni bilen söýüp, süýji arzuwlar bilen ýaşaýarlar. Urşuň ajy günlerinde, ýeňşe, geljege bolan umyt olara güýç-kuwwat berýär. Emma.....
Amangül ejäniň ýeke dikrary Arslan il-halkynyň namys-aryny goramak üçin, Watanyna ezýet çekdirýänlerden ar almak üçin öz islegi bilen urşa gidýär. Uruş bolsa, pidasyz bolmaýar. Arslan mertlerçe söweşip, wepat bolýar. Amangül eje ýeke dikrarynam ýitirýär. Emma il-gününiň söýgüsi, goňşy-golamlaryň kömegi bu mert aýala goltgy berýär. Oňa agtygynyň ene topraga wepaly bolup, Watan ugrunda janyny gurban etmegi gaýtadan gaýratyna gaýrat goşýar. Ol töweregine gelin-gyzlary ýygnap, olara baş bolup zähmet çekýär. Agzybirlik, Watana bolan söýgi hemme zatdan rüstem çykýar. Gidenler ýeňiş bilen dolanyp gelýärler.
Sahna oýnunda Mäterguly ýaly ýol urduranlar, il-günüň hakyny iýýänler, harby komissar ýaly Watan üçin synasyny aldyranlar, ýaşlygyna garamazdan, köp gynançly wakalaryň şaýady bolan poçtalýon ýigit bagtyýar ýaly mert oglanlar, gündiz meýdanda zähmet çekse, agşamlaryna öýlerinde ýeňşe goşant edýän gyz-gelinler, doýagarny doýmadyk, emma baryny orta goýýan gojalardyr, ýaşlygyna ak saça basdyran juwan aýallar barada-da gürrüň berilýär.
Uruş ýyllarynyň pajygaly ýyllary barada adam aňynda galan hakyda-ýatlama, Garaşsyzlyk gazanan Bitarap Watanymyzyň adamlaryny asudalyga, agzybirlige çagyryp, olarda watanparazlyk duýgusyny oýarýar.