Sahna barada maglumat

Görogly
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

Ýetim Göroglynyň atasy Jygalybegiň gözüni oýýarlar. Emma ol şonda-da, ol ýurtdan kowulyp çykarylsa-da, öz agtygy Göroglyny terbiýelemegi başarýar. Onuň üçin Gyrat ýetişdirýär. Agtygyna ata Watany, iliň ar-namysyny goramagy öwredýär.

Edenli ýigit Görogly garyp-gasarlaryň tarapynda bolup, watany üçin ölüme taýýar. Ol töweregine ýigitleri ýygnap, ata Watanyny janyndan eziz görýär. Batyr, edermen Göroglyny halky özüne baştutan edinip, onuň aýaly Agaýunusa-da, ýigitlerine-de uly hormat goýýar. Göroglam öz gezeginde il-gününi duşmanlardan goraýar.

Halkyň söýgüli şadessanynyň esasynda döredilen oýunda ajaýyp aýdymlar, sazlar, tanslar bar.

     Keşpleri döredýän artistler

 

1. Görogly – Didar Sarykow

2. Agaýunus – Liliýa Çurçaga

3. Jygalybeg – Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew

4. Genjim beg – Türkmenistanyň at gazanan artisti Atajan Berdiýew

5. Çopan – Türkmenistanyň at gazanan artisti Kuwwat Çaryýew

6. Köpçülik sahnalarynda teatry artistleri hem-de Türkmenistanyň döwlet hory we Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary.