Suratçy tokaýy höwes bilen synlaýar we haýwanlary, guşlary surata düşürýär. Haýwanlaryň şadyýan oýunlary ony heýjana getirýär. Ol haýwanjyklaryň yzyna düşüp, olaryň ajaýyp hereketlerini, biri-birlerine bolan gatnaşyklaryny, enaýyja böküşlerini surata düşürýär.
Öz dostlary bolan Owlakdyr Horazy yzyna tirkäp öýüne gelen Towşan dostlaryna guwanýar, öz ýaşaýan mekany - tokaýy wasp edýär. Olar özlerini idegläp ýören Tilkiden zordan sypýarlar. Tilki olary öýlerinden kowup, özi Towşanyň öýüne eýe bolmakçy bolýar. Täze öý edinenine begenip, Möjegiň gözlegine çykýar.
Towşan, Horaz, Owlak gezelenç edip ýörkäler, Suratçynyň uklap ýatanyny görýärler. Bir bada ondan gorkup gaçsalaram, soňra onuň töwereginde tans edip başlaýarlar. Gopbam Towşan bolsa, onuň surat alýan esbabyna tüpeňdir öýdüp, ony almakçy bolýar.
Tüpeňli bolan Towşan indi hiç kimden, hiç zatdan gorkanok. Ol hatda Tilkä-de haýbat atýar. Tüpeňini çenäp, ony öýden kowýar.
Basyp alan öýünden kowulan Tilki, Möjegi kömege çagyrýar. Doglan günümi bellejek, şonda saňa Towşan etinden palow bişirip berjek diýip, ony Towşanyň tüpeňini almaga kömege çagyrýar. Olara, aldaw bilen tüpeňi Towşandan almak başardýar. Emma özara oňuşyksyzlyk sebäpli, ony ýene elden gidirýärler.
Tüpeňini gaýtaryp alan Towşan, öz dostlary bilen Tilkidir Möjegi mugyra getirýär. Olar özlerini bagyşlamagyny soraýarlar we gaýdyp şeýle iş etmejeklerine, tokaýdaky barja haýwanlar bilen dost boljakdyklaryna söz berýärler. Dostluk, doganlyk hakynda aýdym aýdýarlar. Şadyýan durmuş ýene dowam edýär. Suratçy bolsa ol pursady surata düşürýär.