Sahna barada maglumat

Garajaoglan
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

Awtory – Gowşutgeldi Daňatarow.

Režissýory – Annageldi Garajaýew.

Türkmeniň nusgawy şahyry hasaplanýan Garajaoglan Watanyndan jyda düşip daş ýurtlarda ýaşamaga mejbur bolýar. “Men ölsem-de, söýlenerin dillerde...” diýip, ruhdan düşmedik şahyr, şyltagyň pidasy bolup, ömrüni Watanyndan daşda geçirse-de, otursa-tursa ene topragyny, ata Watanyny ýatlaýar. Ýurduna, halkyna bolan söýgi ony ynsan kalbynyň aýdymçysy edip ýetişdirýar. Şahyryň röwşen keşbi, ynsan gözelliginiň aýdymçysy hökmünde äleme jar bolýar.