Sahna barada maglumat

Etme oglan sen oýun
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry

Sada oba ýigidi Myllyk öz goňşularynyň gyzy Tokgany gowy görýär. Tokga hem gönümel, gödeksi, jepakeş Myllygy halaýar. Soňa-baka olar biri-birini söýüp, durmuş gurmak hakda oýlanyp başlaýarlar.

Tokganyň ejesi Bahargül gyzyny öz aýal doganynyň ogly, talyp, erte-birigün uly hünärmen bolup ýetişjek ýegeni Ata “Kilçige” bermekçi. Olary adaglandy hasaplaýarlar. Tokga Ata daýysyny sylaýar, emma söýmeýär. Ata kilçik bolsa, Tokga ýüz bermänsoň, onuň jorasy Bossantäje söz aýdýar.

Bahargüliň adamsy, brigadir Şady aýalyna söwda-satyk bilen meşgullanman, meýdan işine çykmagy, gyzyny öz islänine bermegi ündeýär. Bahargül bolsa Myllyga “Gül ýaly gyz” Bossantäji alyp gaçmagy maslahat berýär. Myllyk maslahaty göwnejaý görüp, Bahargüliň öz gyzy, özüniň ýürekden söýýän Tokgasyny törüne geçirýär.

Bossantäç, başda Atany halamasa-da, berýän sowgatlary yzyna zyňsada, ahyrda: “Okuwyňy gutaryp gel, onsoň gürleşeris” diýýär. Şady, goňşy aralykdaky çili ýykyp, iki hojalygy birikdirmegi makul bilýär.

“Çagamyz bolsa, arlyjagynam ýuwarsyň” diýip, Tokga Myllyga barýar. Toý uludan tutulýar. Sahna oýnunyň soňy, çyna ýazýar.