Körpe nesil üçin niýetlenen bu eser “Hudaýberdi gorkak we tilki” atly türkmen halk ertekisiniň esasynda ýazyldy.
Ençe gyzdan soň dünýä inen ýeke ogly – Hudaýberdiniň ene-atasy ir ýogalýar. Olar aradan çykanda soň uýalary “Akbala”, “Ýalňyz bala” diýip, ony depelerine çykarýarlar, bir diýenini iki gaýtaladanoklar. Şeýdip ol lellim, nalajedeýin, iş ýakmaz, kölegesinden gorkup ýören züwwetdin bolup ýetişýär.
Ýaşlygynda ekin meýdanynda ýeke galyp, mekir tilkä özüni oýnadan Hudaýberdi, aldawçy tilkiden öler ýaly gorkýar. Ýeke özi öýden daşary hem çykyp bilenok. Uýalary ýalňyşandyklaryny giç duýýarlar we oba ýaşulusyndan, Hudaýberdini gorkaklyk derdinden nädip gutarmalydygynyň maslahatyny soraýarlar.
Köpi gören Esen aga: “Gorkagy diňe gorkuzmak bilen, irginsiz igenmek bilen derdinden saplap bolar. Onsoň hem, erkegi erkek edýän aýaldyr, oňa bir bet gyzy alyp beriň, şol ony terbiýelär” diýip maslahat berýär.
Aýaly Hudaýberdä zähmet çekmäni, hiç zatdan çekinmezligi, özüni tilkä aldatdyrmazlygy otursa-tursa sargaýar. Iňirdeýär, käýinýär, ýol görkezýär.
Hudaýberdi bu ýagdaýa çydap bilmän, “Näme bolsa, şol bolsun” diýip, ýekeje özi oduna diýip ýola düşýär.
Döwleriň mekanyna baryp, Hudaýberdi, olardan gorksa bolmajakdygyna göz ýetirip, mekirlige ýüz urýar. Döwleri aldap, olardan üstün çykýar we dostlaşýar.
Aýdym-saz bilen bezelen bu eseri, oba toýlarynda adamlara hezil berip ýören şahandaz Esen şoh – ertekiçi gürrüň berýär.