Türkmen döwlet gurjak teatry

Gurjakgyz
Bu spektaklda  teatrda  bolup  geçýän  waka  suratlandyrylýar. Onda  Gurjakgyz  atly  baş  gahryman  özüniň  içki  we  daşky  sypaty  bilen  köpleri  özüne...
Japbaklar
“Japbaklar” atly gülküli gurjak oýny il içinde meşhur bolan Japbaklar hakyndaky erteki-rowaýatlar esasynda döredilendir. Millilige ýugrulan bu oýunda ir wagtda...
Altyn jüýje
Rus halk ertekisi esasynda goýulan gurjak oýnunda altyn Jüýjäniň başdan geçiren wakalary  Möjegiň häsiýetiniň kemala gelmegine getirýär. Wagşy Möjek Tilki...
Gülki sowgady
Bu oýun gülküli sahnalardan ybarat. Olarda myhmançylykda, goňşuçylykda duş gelýän durmuşy pursatlardan söhbet açylýar. Her bir sahna gülkä, saza, degişmä...
Öweý eje
“Öweý  eje” atly  gurjak  oýnunda  Aýjemal  bilen  Aljemalyň  arasyndaky  köýnekli  wakadan  soň, oýun  gitdigiçe  dartgynly  häsiýete  eýe  bolýar. Aljemal  görüplik...
Çagaly öý-bazar
Bu sahna oýnunda häzirki döwrüň köp çagaly maşgalasynyň ýaşaýyş, durmuş we ahlak sypatlary beýan edilýär. Onda ene-atanyň çagalaryna berýän göreldesiniň...
Böwenjik
Bu oýun “Böwenjik” atly türkmen halk ertekisiniň esasynda sahnalaşdyrylandyr. Onda Böwenjigiň öňünden çykan her bir zady ýuwdup barşy we ahyrynda...
Alýaňak
Bu gurjak oýnundaky wakalar ümmülmez meýdanda ýalňyz biten ýabany almanyň – Alýaňagyň daşynda bolup geçýär.
Aşyklar
Bu gurjak oýnunda talyplar durmuşy beýan edilýär. Esasanda – bäş sany talybyň her biriniň saýlan gyzyna söýgüsi düýşiň esasynda suratlandyrylýar....
Kerwenbaşynyň ogly
“Kerwenbaşynyň ogly” atly sahna oýny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunuň ýüregi” kitaby esasynda goýuldy.

Teatryň salgysy: Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 73-nji jaýy.

Teatryň telefon belgileri: kabulhana 21-11-05, kassa 21-11-61.


Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mermer paýtagty Aşgabadyň gujagynda ýaşyl baga bürenip oturan Türkmen döwlet gurjak teatry gadymy ertekilerdäki köşkleriň biri ýaly öwşün atyp görünýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmen döwlet gurjak teatry diňe bir şadyýan çagalaryň däl, eýsem, olaryň ene-atalarynyň hem iň bir söýüp gelýän sungat ojagyna öwrüldi.

Türkmen döwlet gurjak teatry 1990-njy ýylyň fewral aýynda döredilip, çagalara niýetlenilip sahnalaşdyrylan oýunlary bilen döredijilik ýoluna gadam basdy. Onuň ilkinji teatr möwsümi dünýä meşhur akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasyna ýugrulan, dürli jandarlaryň keşplerini ör boýuna galdyrylan «Jan içinde» atly göwrümli goşgusy esasynda sahnalaşdyrylan oýun bilen başlandy.

Teatr dünýä ülňülerine gabat gelýän iň naýbaşy enjamlar bilen üpjün edilendir. Teatr tehnikasynyň iň kämilleriniň oturdylmagy, her bir artist üçin ähli zerurlyklary bolan ýörite dynç alyş, grim otaglary teatr işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýär.

Teatryň 200 orunlyk tomaşa zaly bolup, onda kiçi gurjakly sahna oýunlary görkezilýär. Onuň 350 orunlyk uly zalynda bolsa, uly görnüşdäki gurjak oýunlaryny görkezmek üçin ähli mümkinçilikler bar.

Körpe çaga başda öýde, soňra çagalar bagynda, mekdepde terbiýe alýar. Ýöne ösüp barýan körpe edep-terbiýäni görýän görüminden, tomaşa edýän oýunlaryndan, filmlerinden, okaýan kitaplaryndan hem alýar. Bu babatda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň çaga terbiýesine edýän täsiri hiç haçan ünsden düşürilenok.

Gurjak teatry çaga kalbyny tolgundyryp, oňa ýakymly täsir edýän sungat. Çaga terbiýesi, edebi hakynda söhbet açylanda, ilki bilen, gurjak oýunlarynyň, gurjaklaryň göz öňüne gelmegi ýöne ýere däl. Her bir sahna oýny goýulanda, şu nukdaýnazardan çemeleşilip, esasan, millilige ýugrulan ertekilere ýüzlenilýär. Teatryň repertuarynda milli mirasymyz bolan halk ertekileri esasynda sahnalaşdyrylan «Alýaňak», «Akylly garga», «Enemiň Owlajygy», «Böwenjik», “Ýartygulak”, “Pilmahmyt” ýaly oýunlar bar.

Türkmen döwlet gurjak teatry Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk döredijiligine has hem içgin üns bermegini dowam edýär.

Teatryň döredijilik topary dürli ýyllarda G.Daňatarowyň «Demirdonly», K.Taňrygulyýewiň «Pilmahmyt», A.Amanmyradowyň «Garagumdaky şowhun», H.Şirowyň «Ýartygulak» atly oýunlaryny sahnalaşdyrandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy.

Şeýle hem gurjak teatry Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran, Hemedan  şäherlerinde geçirilen, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen «Hazar kenary», şeýle hem Kazan şäherinde geçirilen “Ekiýat”, Ukrainanyň Poltawa şäherinde geçirilen «Ýyldyzlara ýol», Ermenistan döwletinde geçirilen «Owanes Tumanýanyň ertekileri», Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen «Kukart», Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen «Karnawal» («Şowhun»), Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen «Çodari haýol» («Gurjaklaryň sahnadaky arzuwy») atly halkara festiwallaryna gatnaşyp, festiwallaryň diplomlary we hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Türkmen döwlet gurjak teatrynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen türkmen-türk çagalar festiwaly hem dost-doganlygyň aýdyň dabarasyna öwrüldi. Bu festiwalda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň «Çagalyk älemgoşary» atly sahna oýny görkezildi. Türkmen döwlet gurjak teatrynda milli oýunlar bilen bilelikde, dünýä meşhur dramaturglaryň, ýazyjylaryň eserleri esasynda hem sahna oýunlary goýulýar. Soňky ýyllarda A.S.Puşkiniň «Balykçy we balyjak», doganlar Grimmleriň «Şadyýan sazandalar», S.Mihalkowyň «Üç jojuk», A.Orlowyň “Bir towşanjyk bar eken” atly eserleri sahnalaşdyryldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli mirasymyzyň, sungatymyzyň barha ösüp, kämilleşip, dünýä ýaýylmagy bu gün her bir teatr işgäriniň kalbynda uly buýsanç döredip, mundan beýläk-de has hem döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.