Türkmenistanyň döwlet sirki

Ak kepderiileriň tomaşasy
Bu bölümde ýakymly sazyň ýaňlanmagynda, emeli usulda garjagazlaryň gaýmalalaşmagy astynda sirkiň körpeje artisti Medine Baýramdurdyýewa we Merýem Seýitnazarowa dürli tans...
Akdag tomaşasy
Akdag atly atda “Türkmen” jigitleri toparynyň ýigitleriniň ezberlik, batyrgaýlyk bilen ýerine ýetirýän inçeden çylşyrymly milli at üstündäki  oýunlary  ähli tomaşaçylary...
Dutar we Akhan tomaşasy
Iki aýagynda ýöremekde “Ginnesiň” rekordlar  kitabyna giren Hormatly Prezidentimiziň “Akhan” atly aty bilen  Pygy  Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygynda “Türkmen” jigitleri toparynyň ýigitleri...
Gamçyly çykyş
Bu bölümde “Ýedigen” tans toparynyň artistleriniň gamçy bilen ýerine ýetirýän täsin tomaşasy, tansçy gyzlaryň owadan tans hereketleri bilen utgaşyp...
Geçiler tomaşasy
Körpeje sirk artisti Medine Baýramdurdyýewanyň eldekleşdirilen geçiler bilen çykyşy, körpeje gyzjagazyň ezber, batyrgaýlyk bilen haýwanlara erk etmegi tomaşaçylary haýran galdyrýar...
Güjüjikler tomaşasy
Sirk artistleri Elmira we Zarina Goşaýewalaryň baş öwredilen, eldekleşdirilen güjüjikler bilen görkezýän täsin tomaşasynda, olaryň çalasynlyk bilen edýän hereketleri halk...
Gündogar ertekisi tomaşasy
Sirkiň artisti Selbi Şyhyýewanyň we körpeje artist Medine Baýramdurdyýewanyň eldekleşdirilen düýeler we geçiler bilen gündogar ertekilerini şekillendirýän sirk çykyşlary...
Gylyç-Galkan tomaşasy
Ussat sirk artisti Pygy Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygynda “Türkmen” jigitler toparynyň artistleri türkmeniň geçmişini, milli medeni gymmatlyklaryny janlandyrýan ahalteke bedewleri bilen çykyşy...
Halkaly çykyşlaryň tomaşasy
Bu bölümde sirk artisti Lilianna Ýusubowanyň eserdeňligi, batyrgaýlygy  hem-de  ezberligi talap edýän howada uçup, halkada ýerine ýetirýän inçeden çylşyrymly çykyşy...

Sirkiň salgysy:  Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 134-nji “A” jaýy.

Sirkiň telefon belgileri: kabulhana 36-32-05, kassa 36-10-95, 36-10-34.


Garaşsyz, baky  Bitarap  Türkmenistanda  milli   sirk  sungatyny    ösdürmek, şan-şohraty  bütin  dünýä ýaýran ahalteke bedewleriniň, türkmen jigitleriniň  gatnaşmagynda  sirk  sungatynyň  dürli ugurlary boýunça  tomaşa çärelerini  guramak, milli sirkiň  medeni derejesiniň  yzygiderli  ýokarlandyrylmagyny  gazanmak we  ilatyň medeniýetli dynç  alyşyny  guramagy  düýpli  gowulandyrmak, geljekde  milli  sirk  sungatyny  has-da  ösdürjek  ýaşlary  terbiýeläp  ýetişdirmek  üçin  oňaýly  şertleri  döretmek  maksady bilen, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň  tagallasy  bilen   2010-njy ýylyň aprel aýynyň  23-inde  Türkmenistanyň döwlet sirki täzeden dikeldildi.

Tehniki-üpjünçilik taỳdan dünỳä ülňülerine laỳyk gelỳän sirkiň kaşaň binasy paỳtagtymyzyň merkezinde ỳerleşỳär. Sirkiň  esasy merkezi sirk çykyşlaryny görkezmek üçin niỳetlenen diametri 13 metr tegelek meỳdançadan ybarat bolup, ondan sirkiň iň ỳokarky nokadyna çenli aralyk 18 metrdir. Bu meỳdançanyň daşynda tomaşaçylar üçin 1 müň 500 adamlyk oturymly ỳerler göz öňünde tutulan.

Sirk çykyşlaryny görkezmek üçin türkmeniň genji hazynasy bolan türkmen ahalteke atlary, eldekleşdirilen itler we beỳleki haỳwanlar peỳdalanylỳar. Sirkiň her bir tomaşasynda dünỳä belli ahalteke bedewleriniň ajaỳyp çykyşylary ỳörite maksatnama esasynda üstünlikli görkezilỳär.