Türkmenistanyň halk artisti Annamyrat Berdiýew
Teatr – nähili jadyly söz, jadyly dünýä. Ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademik drama teatrynyň sahnasy. Meşhur teatr ussatlarynyň döreden şowly keşpleriniň şaýady bolan şol gadymy sahna. Şu günler ýurdumyzyň birnäçe halk artistlerini gerdeninde uly söýgi bilen göterip ýören  sahna.
Artist Amangül Mämmetýazowanyň degişmelerinden
Amangül bir jorasy bilen toýa ugrapdyr. Ýolda jorasy oňa ýüzlenip: — Jora jan, meniň şolara barasym, asla ýüzlerini göresim gelenok — diýipdir-de, yzyna gaýtmakçy bolupdyr. Şonda Amangül oňa: — Olaryňam seni göresleri gelip duran däldir. Barmasaň guşlary uçar. Baryp içlerini ýak. Goý, begenmesinler — diýip maslahat berip, ony ýoldaş edinipdir.
Artistleriň durmuşyndan
Türkmenistanyň at gazanan artisti Şat Halykow şäher içindäki dükanlaryň birine girip barýarka ony bir ýigit saklapdyr-da: — Agam, sen artist dälmi? — diýip sorapdyr.  Şatdan «hawa» diýen jogaby alanyndan soňra, ol ýigit has beleň alyp: «Bol, onda meni güldür-dä» diýipdir. Şadyň yhlas edip düşündirjek bolmasy ýigidiň ýele ýanyndan hem geçmändir. Şat özelenip: «Inim, gülesiň, göwnüňi açasyň gelýän bolsa, teatra baraý» diýse-de,...
Töre Annaberdiniň degişmelerinden
Töre Annaberdiýew diýlende, ilki bilen, onuň döreden gülküli keşpleri, gürrüň beren degişmeleri ýadyňa düşýär. Onuň bilen sähel sa- lymlyk gürrüňdeşligem ýazyp ýören adam üçin ullakan baýlyga öwrülýärdi. Sebäbi onuň gürrüňleriniň gahrymanlaryny suratlandyrmak, häsiýet bermek ukyby ussatlygyň çür başydy. Bir ýola onuň bilen gazet üçin söhbetdeşlik taýýarlamaga şol wagtky Mollanepes adyndaky akademiki drama teatryna bardym. Söhbetdeşlige başlamazdan öňürti tas iki sagada...
Ýazyjy, dramaturg Kömek Kulyýew
Halypa ýazyjymyz, dramaturgymyz Kömek Kulyýew bilen gaýybana tanyşlygym biraz irräk wagtlardan başlanan-da bolsa, ýüzbe-ýüz görüşmek nesibäm bu güne ýazylan eken. Halypa ýazyjy bilen Türkmen döwlet medeniýet institutyndaky duşuşygymyz salam-helikden soňra dessine edebiýata ýazyp gitdi. Men Kömek aga gabatlaşsam soraryn diýip, ýyllarboýy aňymda göterip gelen sowallarymy «ýagdyryp» başladym. Sowallarymyň galabasy edebiýatyň esasy meseleleri däl-de, Kömek aganyň şahsy döredijiligi dogrusynda boldy.
Gulmyrat Agabaýewiň degişmelerinden
Teatrda sahna oýnuna taýýarlyk görlüp ýörkä, arakesmeden peýdalanyp, Gulmyrat aga kofe içýär. Artist kärdeşleri bolsa ony gürletjek bolýar. Şonda ol: «Gulmyrat aga-da Gulmyrat aga bolşup maňa hormat goýýanyňyzy bilýärin. Ýöne şu kofe içip otyrkam, maňa «Salawmaleýkimden» başga söz gatmasaňyz, şol maňa gaty uly hormat goýdugyňyz bolýar, ýigitler» diýýär.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Hajyýewa
Веrкаrаr döwletiň bagtyýarlyk döwründe öz zehini bilen täze keşpleri döredip, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýan artistleriň biri hem ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň artisti Gözel Hajyýewadyr. Ömrüni milli kino we teatr sungatymyzyň ösmegine bagyşlap, ýatda galyjy keşpleriň birnäçesini döredip, kesbinden kemal tapan artist pyýala gözlerini uzaklara aýlap, birden ýaşlyk ýyllaryny ýatlasa, birdenem halkymyzyň gadam basan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe uly ösüşleri...
Türkmenistanyň halk artisti Çaryýar Seýitliýew
Her bir hünäriňem özüne ýetik azaby, kynçylygy bolýar. Käbir hünärde islendik adam erjellik bilen zähmet çekse, işiniň ussady bolmagy başarýar. Emma käbir hünärlerde ussatlyk derejesine ýetmek üçin hökman ylahy zehin, aňyrdan berlen ukyp-başarnyk gerek bolýar. Artistçilik käri hem hut şeýle hünärleriň biri. Zehiniň aňyrdan berlen bolup, käriňe ak ýürekden ýapyşmasaň, saňa aňsat-aňsat per bermez. Türkmenistanyň halk artisti Çaryýar Seýitliýew hem...
Türkmenistanyň halk artisti Baýram Sadykow
Her bir teatryň Aman Gulmämmedowy, Sona Myradowasy, Ata Durdyýewi, Bazar Amanowy, ýene-de birentek halk artistleri, birtopar at gazanan artistleri bar. Metbugat şolar barada makalalar berýär, kitaplaram ýazylýar. Emma her teatryň Aga Şyhlyýew, Baýram Sadykow ýaly öz ömürlerini sahna bagyş edenlerem az däl. Aslynda welin milli teatr sungatymyzyň ösmegine önjeýli goşant goşan Baýram Sadykow ýaly ussatlaryň döredijiligi barada giňräk gürrüň edip...
Batyr Çaryýewiň ýandepderçesinden
Aktýor özüniň ýüreginde keşbe öwrülen sözleri sahnadan täsin röwüşde ýaýyp bilse, tomaşaçynyň kalbyna ýyly reňkli nagyş çekip biler.