Halypa-şägirtlik ýoly bagtyýarlyk döwrümiziň ruhuna bap bolmak bilen, ol hünär kämilliginde, şeýle hem ýaş nesle nusga alarlykly derejede tejribe mekdebi bolup durýar. Ussat halypa, kino sungatyny öwreniji Gapbar Hümmedow hem şeýle halypalaryň biri.
Arzuw edilen hünär hem-de bagtly maşgala. Bu iki başlangyjy öz durmuşynda ýaşaýşyň esasy gönezligine öwürmegi başaran sungat ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly adyň eýesi, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artisti Döndi Sapardurdyýewa hem döredijilik ýolunda halkymyzyň söýgüsini gazanan birnäçe keşpleri döredip, milli sungatymyza hyzmat edip gelýär.
Türkmenistanyň halk artisti Orazdurdy Hojaýew milli teatr we kino sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan artistleriň biri hökmünde giňden tanalyar.
1967-nji ýylyň tomus aýlarynda belli kinorežissýor, Türkmenistanyň halk artisti Meret Atahanow özbegistanyň Hywa şäherinde belli dramaturg Guseýin Muhtarowyň «30-njy ýyllar» taryhy dramasy esa- synda «Ýanýan arabanyň ýoly» atly çeper filmi surata düşürýärdi. Şol filmde ussat artistler Artyk Jallyýew, Akmyrat Bäşimow, Şükür Kulyýew dagylar esasy keşplerde surata düşýärdiler.
Günüme goyanog-a...
Gyş günleriniň birinde Türkmenistanyň at gazanan artisti Oguljan Bekiýewa gowja sowuklapdyr. Ol yzyny üzmän üsgürýärmişin. Edil bilgeşleýin bolýan ýaly, şol ýagdaýa onuň kärdeşleriniň biri hem düşüpdir. Olar sahna çykmazynyň öňýany gezekleşip diýen ýaly üsgürýärmişler.
Biziň söhbedimiz tanymal teatr režissýory Geldi Seýdiýew hakynda. Ol 1940-njy ýylda Tejen şäherinde dünýä inýär. Orta mekdebi tamamlandan soň, Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky Döwlet teatral institutynyň teatr bölümine okuwa girýär.
Ol bu günem adatdakysy ýaly säher çagy paýtagtymyzyň köçeleriniň birinden teatra tarap ýöräp ugrady. Ol sagyndan, solundan geçýänleriň käsi bilen baş atyp salamlaşsa, käsi bilen ýörite durup saglyk-amanlyk soraşýardy.
Garaşsyz Diýarymyzyň Baş drama teatrynda biregne elli ýyla golaý işläp gelýän bu ýaşuly artist bilen duşuşyp, söhbetdeş bolmagy köpden bäri arzuw edip ýördüm. Ynha, günleriň bir güni meniň bu arzuwym hasyl boldy oturyberdi. Göwün güneşi ýüzünde ýylgyryp duran ýaşuly artist bizi türkmen açyk göwünliligi bilen garşylady.
Ynsanyň tebigatdan alan ajaýyp ukyplarynyň biri-de duýmak, akyl ýetirmek endigidir. Adam ogly bütin durmuşynyň dowamynda ýaşaýşyny gözelleşdirmegiň, bezemegiň gözleginde.