Teatr režissýory Isidor Grigorýewiç Gromow
Isidor Grigorýewiç Gromowyň ady Türkmenistanyň teatr sungatynyň ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.   ...Ol Türkmenistana 1945-nji ýylda gelýär. Gelen badyna hem A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatryna baş režissýorlyga bellenýär. O döwürler bu teatryň ahwaly gaty bir öwerlik däldi: artist kadrlary-da, teatryň repertuary-da ýagdaýlydy. 
Türkmenistanyň halk artisti Ýolaman Hummaýew
 Özümiň sungata dahyllylygym sebäpli, sungat wekilleriniň ömrüni, döredijiligini ýakyndan öwrenýärin.  Olaryň terjimehaly, bu uly ýolda bitiren hyzmatlary hakda içgin gyzyklanýaryn. Olaryň käbirleriniň ömri, döredijilik ýoly, halkyna hyzmaty sende ýatdan çykmajak yz galdyrýar. Nusga alarlyk höwes döredýär. Ine, şeýle adamlaryň biri hem Ýolaman Hummaýewdir.
PURSATLAR
Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan ussat halypalaryň biri Türkmenistanyň at gazanan artisti, şol döwürdäki Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň müdiri bolan Bäşim Artykowdyr.
Türkmenistanyň halk artisti Ilmyrat Bekmiýew
Döredijilik ömrüniň 60 ýylyndan gowragyny kino sungatyna bagyş eden Türkmenistanyň halk artisti, kinorežissýor Ilmyrat Bekmiýew bu gün Türkmen döwlet medeniýet institutynda köp ýyllaryň dowamynda sungatda toplan baý tejribesini halypa mugallym hökmünde talyp şägirtlerine öwredýär.
Türkmenistanyň halk artisti Oraznazar Arrykow
Ýanwar aýynyň başlarydy. Daşarda çytawun, kesip barýan aýaz höküm sürýärdi. Aldajy sowuga garamazdan, Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň jaýyna jemende bary üýşüpdi. Halk içinde meşhurlyga eýe bolan “Gala” spektaklynyň başlanmagyna sanlyja minut galypdy. 
PURSATLAR
Meşhur adamlar bilen bolan duşuşyklar ynsan hakydasynda baky galýar. «Şükür bagşy» çeper filmini döredip, dünýä kino sungatynyň ösüşine saldamly goşant goşan meşhur kinorežissýor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti, Bulat Mansurow we filmde baş keşpde çykyş eden Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýew bilen tanşanyma otuz ýyl çemesi wagt geçen-de bolsa, ol duşuşyklar ýatdan çykmajak iň ajaýyp wakalar hökmünde...
Türkmenistanyň halk artisti Tagan Saryýew
“Men sizi göreýin diýip ýördüm. Gabat geleniňiz gowy bolaýdy. Şu gelýän anna güni kakamyň elli ýaşyny belleýäris, baraweriň!” diýip, Taganyň gyzy deňimden geçip gitdi. 
Türkmenistanyň halk artisti Wladimir Aleksandrowiç Berşanskiý
 Hasap edip otursak, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredilenine 94 ýyl dolýar. Şunça ýyllap ýaşap, işläp ýören teatrda uly ösüşleriň bolandygy,bardygy hem aýan zat. Ýogsa-da teatryň döredijilik toparynda öz döredijilik ýüzüni äşgär görkezen, işe ýürekden berlen, has takygyny aýtsak, teatryň şowly işine ömrüni baglan artistler kän.
Hem aýdymçy, hem artist
Türkmenistanyň at gazanan artisti Daňatar Gurbanow Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda guramaçy bolup işleýär. Öz esasy işiniň daşyndan teatrda sahnalaşdyrylýan spektakllara hem gatnaşýar. Ol teatrda sahnalaşdyrylan «Geçi dawasy», «Basym Gün dogar», «Bezirgen», «Bibijan», «Yşk Allanyň gudraty», «Lukman hekim», «Jemşidiň jamy», «Sallahlar» ýaly spektakllarda dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň keşplerini janlandyrdy.