Hudaýberdi Bäşimow bilen söhbetdeşlik
Ýurdumyzyň teatr ussatlarynyň döredýän gymmatly eserleri tomaşaçylara egsilmez ruhy şatlyk berýär. Ýurdumyzda hereket edýän teatrlarymyz hem bagtyýarlyk döwründe gyzykly sahna eserleri bilen halkymyzyň söýgüsini gazanyp gelýär. Şolaryň biri-de Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrydyr.     
Türkmenistanyň at gazanan artisti Oguldurdy Annakowa
Artist. Bu söz diýseň gulaga ýakymly söz. Çünki hakyky artist şatlyk, şagalaň, gaýgy hem gam döredip, adamy oýlandyryp bilýär. Gije-gündiz diýmän çekilýän zähmet, irginsiz geçirilýän taýýarlyklar netijesinde emele gelýän keşpler, öz hakyky häsiýetiňi üýtgedip düýbünden başga adamyň häsiýetine girmeklik bu tebigy zehiniň bolaýmasa aňsat başartmaýar ahyry.      
Türkmenistanyň halk artisti Sabyr Annagylyjowa
Baryp uruş başlanmazynyň öňüsyralarydy. O günler daýhan birleşige oýun gelsin, bagşy gelsin, şindikiler ýaly şarňyldap duran medeniýet öýleri bolmansoň, hemme tomaşa açyk meýdanda geçerdi. Obamyzyň ortasynda “Stepanyň tamy” diýilýän tam bardy.
Enejan ORAZMYRADOWANYŇ ÝATLAMALARYNDAN
Geçen asyryň ellinji ýyllarynyň aýagynda ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda režissýor Ý.F.Feldman ýazyjy B.Kerbabaýewiň «Magtymguly» atly pýesasyny sahnalaşdyrdy.
Sahna suratkeşiniň köpugurly zehini
Teatr sahnasynda goýulýan sahna eseriniň tomaşa keşbi nämelerden ybarat? Sahnany bezemekden, lybaslardan, ýerine ýetirijileriň timarlanmagyndan, yşyklandyryşdan we enjamlaryň ýerli-ýerinde goýulmagyndan. Hut şu serişdeleriň kömegi arkaly hereketiň özboluşly çeper keşbi emele gelýär.
Artist Juma KOWUSOWYŇ DEGIŞMELERINDEN
«Bu ite şu-da köp» Her gezek Jumany öýüne çagyryp, çaýdan başga zat hödür etmeýän kärdeşi bir gün oňa: -    Juma, sen itdir pişigiň ýagdaýyny bizden gowy bilýäň, seret muňa, halys içinden öl ötmeýän ýaly — diýip, itini görkezipdi. Şonda Juma gapyrga bolup duran iti synlap: -    Dost, eýesi sen bolsaň, bu ite şu-da köp - diýip, ýylgyrypdyr
Aman SAPARDURDYYEWIN DEGIŞMELERINDEN
Eýýäm ýaz geläýdimi? Işdeş ýoldaşlarynyň biri ogul öýeripdir-de, toýuň tamamlanaryna entek wagt kän bolsa-da, Aman aga bir bahana bilen ýoldaşlaryndan rugsat alyp, öýlerine gaýdarman bolupdyr. Gijäň bir wagty ýaşulynyň ýeke gaýdanyny görüp, işdeşleriniň jahylraklarynyň ikisini onuň yzyndan ugradypdyrlar. Ýaşlara-da näme, oýun gerek, Aman aganyň yzyndan ýetip, bile gidibermäge derek garama-gara ony yzarlap gidiberipdirler.
Batyr ÇARYÝEW
Sungatyň her bir görnüşinde bolşy ýaly, aktýorçylyk sungatynda-da onuň inçe syrlaryna, käbir täsin öwrümli tilsimlerine ussat halypalar bilen bir sahnada bile çykyş edip, jadyly dünýäsine düşeniňde has anyk göz ýetirýär ekeniň.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy BERDIÝEW
Ýaş ýigit bu gün ir bilen keýpiçag oýandy. Dalbaryň aşagyndaky agaç sekiniň üstünde aýbogdaşyny gurup oturdy-da, guşlaryň şadyýan jürküldisine birsellem diň saldy. Ol dek düýn Sankt-Peterburgyň N.Çerkasow adyndaky teatr, saz we kinematografiýa döwlet institutynyň giriş synaglarynyň ilkinjisini üstünlikli tabşyrypdy. Giriş synaglary Aş- gabatda kabul edilýärdi. Gökde- pe etrabynyň Hurmant — Gökje obasynyň 3-nji orta mekdebini üstünlikli tamamlan ýaş ýigidiň uly...