Gülälek AKMYRADOWA
Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň režissýory: — Ýurduň ösüşine, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna sesiňi goşmak medeniýet işgärleri üçin uly borç hem beýik buýsançdyr.
TÜRKMENISTANYŇ HALK ARTISTI ORAZMYRAT GUMMADOW
Hereketiň nyşany diýlende, ilki bilen aýlawly, göni, ýokaryk-aşak, gapdala ýol-ugur görkeziji şekiller göz öňüňde janlanýar. Meniň üçin bolsa, eli ýantorbaly işe tarap, özi hem, edil toýa barýan ýaly şähdaçyk, güler ýüzli, gadamlary hem batly adam göz öňüme gelýär. Ol adam Orazmyrat Gummadow.
Aýdogy Gurbanowyň ýatlamalaryndan
Käte-käte geçilen ömür menziline nazar aýlaýaryn. Şonda bile işleşmek miýesser eden zehinli kärdeşlerimiň nurana keşpleri göz öňümde janlanýar.
Dursun Ahmedowanyň DEGIŞMELERINDEN
Dursun Ahmedowa bilen Ýagşymyrat Akyýew sahnada elmydama är-aýalyň keşbini janlandyrýan - eken. Bu ýagdaý olaryň arasyndaky dostlugyň has-da pugtalanmagyna getiripdir.
ARTISTIŇ ÝANDEPDERÇESINDEN
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artisti Batyr Çaryýew çeper döredijilik bilen meşgullanyşy ýaly, öz kesbi bilen bagly pikir ýöretmelerini-de ýandepderçesine belläp goýýar.
Watan hakda söz açsaň...
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýewiň «Watan jandan ileri» atly pýesasy esasynda goýlan adybir sahna oýny hakda söhbet
Teatr - jadyly dünýä
Teatr!.. Siz teatrda bolup gördüňizmi? Siz teatry meniň söýşüm dek söýýärsiňizmi? Eýsem, siz hyjuwdyr joşgundan doly juwan kalbyňyz hem yhlasyňyz bilen teatry söýýärsiňizmi? 
USSADYŇ ÝOLY
Milli teatr we kino sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan ussat halypalar barada gürrüň edilende, Türkmenistanyň halk artisti Annamyrat Berdiýewiň ady ilkinjileriň hatarynda tutulýar.
SUNGATYŇ BERDI DÄDESI
Ol hakda bir zatlary kagyza geçiräýmek meýlimiň bardygyny syzdyramda, ýegre dostlarynyň biri, Türkmenistanyň halk artisti Muhammet Bekiýew güldi-de:  — Weý, jan inim, oň ýarasy ýeňil-ä, tut ýakasyndan, «Özüň hakda öz ýazan goşgyň bar eken» diýip, sypdyrma. Alybilseň, şo setirleň ählisi onuň ömür ýoly hakda gürrüň berip durandyr — diýdi.  
SUNGATA BAGLANAN YKBAL
Köpekmyrat ejesinden kakasynyň gargy tüýdügi bilen il göwnüni awlaýşy barada kän gürrüňler eşidipdi. Ol mekdepde okap ýören ýyllary aýdym-saz, drama gurnagynyň işjeň agzalarynyň biridi. Onuň sungata bolan söýgüsine göz ýetiren mugallymlary: «Senden oňat mugallym-a çykar welin, teatr ugrundan gitseň, juda-da ýerine düşer» diýip maslahat berýärler.