OPERA SUNGATYNYŇ ÜSTÜNLIGI
19-njy noýabrda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalynyň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda XIX asyryň ikinji ýarymynyň italýan kompozitory Rudžero Leonkowallonyň «Paýasy» atly operasy italýan dilinde halk  köpçüligine ýetirildi.
FESTIWALDAN HABARLAR
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalyň ikinji güni hem üstünlikli geçdi. Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda Russiýanyň akademiki ýaşlar teatrynyň artistleri gatnaşmagyna ýurdumyzyň teatr artistleri bilen, Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda bolsa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Theatre simple» teatrynyň artistleriniň Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary bilen ussatlyk sapaklary geçirildi.
DOSTLUK TOÝUNYŇ DABARASY
Paýtagtymyzda „Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty“ atly III halkara festiwaly dowam edýär.
Egor Kraýew, Brýansk oblastynyň gurjak teatrynyň artisti (Russiýa Federasiýasy)
Russiýanyň akademiki ýaşlar teatrynyň , Russiýa Federasiýasynyň Garaşsyz Peterburg kölege teatrynyň, Russiýa Federasiýasynyň Brýans oblastynyň gurjak teatrynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Ekiýat» döwlet gurjak teatrynyň döredijilik toparlaryndan wekiller bolup, dostlukly Türkmenistan döwletiniň paýtagty Aşgabatda geçirilýän halkara teatr festiwalyna gatnaşmak üçin geldik.
Danielo De PLANO, teatr režissýory (Italiýa)
Ýurdumyzyň opera teatrynyň artisti Anile Françesko bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalyna gatnaşmak üçin Italiýa Respublikasyndan geldik.