AŞGABATDA HALKARA TEATR FESTIWALY TAMAMLANDY
23-nji noýabrda paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy boldy.
ITALÝAN OPERASY TÜRKMEN SAHNASYNDA
Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň we Italiýanyň sahna ussatlarynyň bilelikde gatnaşmagynda «Paýasy» atly opera görkezildi. Bu opera 1892-nji ýylda dünýä belli italýan kompozitory Rujero Leonkawallo tarapyndan ýazylyp, şol ýylyň maý aýynda Milan şäherinde ilkinji gezek tomaşaçylara görkezilýär.
Irina ÇERNIKOWA, Ukrainanyň Kiýew akademiki gurjak teatrynyň çeper ýolbaşçysy, Ukrainanyň at gazanan medeniýet işgäri:
Biziň teatrymyz Türkmenistanda indi ikinji gezek. 2014-nji ýylda türkmen paýtagtyna ilkinji gezek gelip görüpdik. Şol döwürden bäri Aşgabatda bolup geçen ösüş-özgerişler bizde aýratyn täsir galdyrdy. Bu ýerde gurlan medeni-dynç alyş merkezleri, seýilgählerdir muzeýler Türkmenistanda adamlaryň medeniýetli dynç almagy üçin edilýän uly aladalardan nyşandyr.
OPERA SUNGATYNYŇ ÜSTÜNLIGI
19-njy noýabrda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalynyň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda XIX asyryň ikinji ýarymynyň italýan kompozitory Rudžero Leonkowallonyň «Paýasy» atly operasy italýan dilinde halk  köpçüligine ýetirildi.
FESTIWALDAN HABARLAR
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalyň ikinji güni hem üstünlikli geçdi. Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda Russiýanyň akademiki ýaşlar teatrynyň artistleri gatnaşmagyna ýurdumyzyň teatr artistleri bilen, Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda bolsa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Theatre simple» teatrynyň artistleriniň Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary bilen ussatlyk sapaklary geçirildi.
DOSTLUK TOÝUNYŇ DABARASY
Paýtagtymyzda „Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty“ atly III halkara festiwaly dowam edýär.
Egor Kraýew, Brýansk oblastynyň gurjak teatrynyň artisti (Russiýa Federasiýasy)
Russiýanyň akademiki ýaşlar teatrynyň , Russiýa Federasiýasynyň Garaşsyz Peterburg kölege teatrynyň, Russiýa Federasiýasynyň Brýans oblastynyň gurjak teatrynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Ekiýat» döwlet gurjak teatrynyň döredijilik toparlaryndan wekiller bolup, dostlukly Türkmenistan döwletiniň paýtagty Aşgabatda geçirilýän halkara teatr festiwalyna gatnaşmak üçin geldik.
Danielo De PLANO, teatr režissýory (Italiýa)
Ýurdumyzyň opera teatrynyň artisti Anile Françesko bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalyna gatnaşmak üçin Italiýa Respublikasyndan geldik.