Ýurdumyzyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowanyň režissýorlygynda sahnalaşdyrylan dünýä belli rus ýazyjysy hem dramaturgy Anton Pawlowiç Çehowyň «Aýy» atly pýesasyna tomaşa edeniňden soň, şeýle pursaty başdan geçirýärsiň: durmuşyň jümmüşinde ýaşap, ony öz ybratly ykbalyň bilen bezeseň we ynsan diýen belent adyňy haklap, ýagşylykda yz galdyrsaň, ana, şol bütin ömrüňe degýän möhüm zat....