Türkmenistanyň halk artisti Berdi Mollaýew
 Halka hyzmat edýän hakyky sungat hemişe ynsanyň belent maksatlaryny wasp edýär, durmuş gözelligine guwanç duýgusyny oýarýar, ýaşaýşa hyjuw döredýär. Ýagşyny belende göterende-de, ýamany ýazgaranda-da sungat mydama durmuşy teswirleýär, ynsan kalbyny hyjuw bilen joşdurýar, geljege ynam döredýär.
Ýatlamalar
Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Hajyýewa:  —    Aýlar aýlanyp, ýyllar geçdigiçe halypa artistler baradaky ýatlamalar serime dolýar. Şol pursat belli artist, kinorežissýor Alty Garlyýew baradaky ýakymly ýatlamalar çagalyk ýyllaryma alyp gidýär.
Türkmenistanyň halk artisti Orazmyrat Gummadow
 Oňa ýöne ýerden ýetilmeýär. Kän-kän ýyllar, üstünde mazaly çorba sowadylan beýik işler, egsilmez tejribe gerek. Dogrusy, biziň halypany tanaýşymyz «Kemine» çeper filminden, «Ajaýyp» filmindäki Garagijeniň keşbinden aňry geçmeýän eken.
Ýatlamalar...
Türkmenistanyň halk artisti Nurjemal Söýünowa:  - Men Sabyr Ataýewanyň işine-de, durmuşyna-da mazaly ýetik. Onuň gowy sypatlary kändi. Ýöne, men onuň diňe oňat artistligini, ýagny, kärine ökdelegini aýtmakçy.  Ikimiz dublýor bolubam kän keşpde oýnadyk. Galyberse-de, kärdeşler biri-biriniň işini synlagyç bolýar.
ARTISTLERIŇ DURMUŞYNDAN
«Şeýdäýsene!» Bir gün artist Çary Hommadowa kärdeşi, Türkmenistanyň at gazanan artisti Juma Kowusow: — Çary, pylany menden karz pul soraýar welin, bersemmikäm, bermesemmikäm, sen ony maňa garanda has içgin tanaýarsyň? — diýip sorapdyr.
Goşa Japarow
Goşa Japarow aýna ýaly tämiz ýoda bilen adaja ýöräp gelşine, birdenkä saklandy. Ne sebäbe saklananynam birbada bilmedi. Töweregine göz aýlap, üsti saýaly boş oturgyçlaryň birine çökdi. Elindäki gazet düýrmesini, gaýyş elbukjasyny gapdalynda goýdy.
Muhammet BEKIÝEW
— Megerem ynsan durmuşyny kitapsyz göz öňüne getirip bolmasa gerek. Kitap paýhas çuňlugy bolup, okyjyny biri-birinden gyzykly wakalaryň jümmüşine alyp gidýär. Käwagt bir gezek okan kitabyňy täzeden ele alyp, onuň sahypalaryny täzeden agtaranyňy-da duýman galýarsyň.
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Seýitnepes Nepesow
Sazlaşykly bitewi topary döredýän artistler, dirižýorlar, ho- reograflar, lybasçylar sahnany janlandyryp, ony beýik sungata öwürýärler. Biz — tomaşaçylar hem ajaýyp owadanlyga goşulmak üçin sahna tomaşa etmäge gelýäris. Ol bizi beýgeldýär, ganatlandyrýar, ruhlandyrýar.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Öwez Hudaýgulyýew
Döredijilik zehini açylan hakyky sungat ussatlary islendik durmuş meselesine hem şeýle jaýdar jogaby beräýýärler. özlerem şol meselä diňe üşüklilik nazaryny aýlap, hiç hili kynçylyk çekmezden dogry çözgüdi tapmagy başarýarlar.