Türkmenistanyň halk artisti Abdylla Ýakubow
1949-njy ýylyň çigreklije güýzi. Hortaň ýigdekçe Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň gapysyny umyt bilen açdy. Matlabyny aýtdy. -    Artist boljak diýsene! – teatryň direktory uludan bir demini aldy. 
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Myrat Nyýazow
Zehin! Bu Alla tarapyndan adamzada berlen peşgeşleriň  iň gowularynyň biri bolsa gerek. Çünki dünýädäki täsin hem ajap zatlaryň aglabasy zehiniň täsiri bilen döreýär. Şonuň üçin adamlar zehine uly sarpa goýýarlar, zehinli adamlara ýürekleriniň töründen ýer berýärler. Zehinliler öz başarnyklaryny hiç zatdan ätiýaç etmän, halka Watana paýlaýarlar. Olaryň halka, Watana getiren, getirýän peýdalary gör, näçekä? Sanardan kändir.
Türkmenistanyň halk artisti Berdi Mollaýew
 Halka hyzmat edýän hakyky sungat hemişe ynsanyň belent maksatlaryny wasp edýär, durmuş gözelligine guwanç duýgusyny oýarýar, ýaşaýşa hyjuw döredýär. Ýagşyny belende göterende-de, ýamany ýazgaranda-da sungat mydama durmuşy teswirleýär, ynsan kalbyny hyjuw bilen joşdurýar, geljege ynam döredýär.
Ýatlamalar
Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Hajyýewa:  —    Aýlar aýlanyp, ýyllar geçdigiçe halypa artistler baradaky ýatlamalar serime dolýar. Şol pursat belli artist, kinorežissýor Alty Garlyýew baradaky ýakymly ýatlamalar çagalyk ýyllaryma alyp gidýär.
Türkmenistanyň halk artisti Orazmyrat Gummadow
 Oňa ýöne ýerden ýetilmeýär. Kän-kän ýyllar, üstünde mazaly çorba sowadylan beýik işler, egsilmez tejribe gerek. Dogrusy, biziň halypany tanaýşymyz «Kemine» çeper filminden, «Ajaýyp» filmindäki Garagijeniň keşbinden aňry geçmeýän eken.
Ýatlamalar...
Türkmenistanyň halk artisti Nurjemal Söýünowa:  - Men Sabyr Ataýewanyň işine-de, durmuşyna-da mazaly ýetik. Onuň gowy sypatlary kändi. Ýöne, men onuň diňe oňat artistligini, ýagny, kärine ökdelegini aýtmakçy.  Ikimiz dublýor bolubam kän keşpde oýnadyk. Galyberse-de, kärdeşler biri-biriniň işini synlagyç bolýar.
ARTISTLERIŇ DURMUŞYNDAN
«Şeýdäýsene!» Bir gün artist Çary Hommadowa kärdeşi, Türkmenistanyň at gazanan artisti Juma Kowusow: — Çary, pylany menden karz pul soraýar welin, bersemmikäm, bermesemmikäm, sen ony maňa garanda has içgin tanaýarsyň? — diýip sorapdyr.
Goşa Japarow
Goşa Japarow aýna ýaly tämiz ýoda bilen adaja ýöräp gelşine, birdenkä saklandy. Ne sebäbe saklananynam birbada bilmedi. Töweregine göz aýlap, üsti saýaly boş oturgyçlaryň birine çökdi. Elindäki gazet düýrmesini, gaýyş elbukjasyny gapdalynda goýdy.
Muhammet BEKIÝEW
— Megerem ynsan durmuşyny kitapsyz göz öňüne getirip bolmasa gerek. Kitap paýhas çuňlugy bolup, okyjyny biri-birinden gyzykly wakalaryň jümmüşine alyp gidýär. Käwagt bir gezek okan kitabyňy täzeden ele alyp, onuň sahypalaryny täzeden agtaranyňy-da duýman galýarsyň.