Türkmenistanyň halk artisti Amangeldi Gurbandurdyýew
Talyplar institutda sapak berip ýören ussat mugallym, Türkmenistanyň halk artisti Amangeldi Gurbandurdyýew bilen duşuşyk guramagy maksat edindiler. Şonda ýurdumyzda belli artist “Gaýrat” medaly bilen sylaglanypdy. Hemmeleri begendiren şol wakany talyplar özleriniň okap ýören auditoriýalarynda bellemegi niýet edinipdiler. Wagtal-wagtal şular ýaly läheňleri çagyryp, duşuşyk guralyp durulsa, oňa ýetesi zat barmy? Bir zady belläp geçmeli. Duşuşyga diýip myhman geleni gowy zat welin,...
Sungat söhbetleri
Bir gezek Mylly aga radioda göni ýaýlymda saz çalyp oturan eken. Konserti hem Baýram Geldimyradow alyp barypdyr. Şonda Mylly aga çalyp oturan sazyny tamamlaýar welin, Baýram aga studiýadaky düwmejigi basyp, mikrofony açýar-da, indiki çalynjak sazyň adyny aýdýar. Konsert gutaransoň, Mylly aga: “Oglum, ýaňy bir saz çalyp bolanymda, derrew indiki sazyň adyny aýtdyň. Saz çalyp bolnansoň, şol sazyň ýaňy, owazy doly...
Artistleriň durmuşyndan
— Bu waka geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň başlaryna bolupdy. Şol döwürde medeniýet, sungat işgärleri ýurdumyzyň uzak etraplarynda oba zähmetkeşleri bilen döredijilik duşuşyklaryny geçirýärdiler. Bir gün bize häzirki Magtymguly etrabynyň oba ilaty bilen döredijilik duşuşygynyň geçirilýändigini aýtdylar. Bu duşuşykda men aýdym aýtmaly, ýurdumyzyň teatr ussatlary bolsa, täze taýýarlan spektakllaryndan bölekleri görkezmelidi. Şonda eýýäm şol döwürde tanymal teatr we kino artisti hökmünde...
Kinorežissýor Osman Saparow
Ussat kinorežissýor Osman Saparow çagalaryň durmuşyndan “Gorkak batyr”, “Kiçijik adalardaky başdan geçirmeler”, “Perişdejik şatlyk paýla”, “Garagum”  ýaly çeper filmleri döretdi. Öz filmlerinde O.Saparow esasan çaga terbiýesi hakynda gürrüň berýär. Çagany nähili terbiýeläňde ol hakyky ilhalar adam bolup ýetişmeli? Haçanda O.Saparow özüniň meşhur “Gorkak batyr” çeper filmini surata düşürende (1982 ý.), bütin dünýäde çaga terbiýesi hakynda jedeller, çekeleşikler, özara çekişmeler...
Artist Haýtmyrat Durdyýewiň Degişmelerinden
Bahar baýramynyň öň ýanlarynda täze ulag satyn alan Türk- menistanyň halk artisti Haýtmyrat Durdyýew aýalyna: «Keýwany, täze ulagda oba — ejemlere baryp, baýramy bilen gutlap gaýdaly. Ertire ýol şaýyňy tut!» diýýär. Onda aýaly Gözel gelneje sözlerine dyngy berip: «Bolýar, gidäýeli çagalaram alyp. Ýöne ilki biziň öýümize gitsek kem bolmazmyka diýýärin. Sebäbi...». Çürt-kesik garşy çykyp aýalynyň sözüni bölen Haýtmyrat: «Ýok-how, ilki...
Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Amandurdy Agajykow
1937-nji ýylyň fewral aýynyň 1-ine Bäherden etrabynyň gojaman Köpetdagy jähekläp oturan obasynda türkmen halkynyň geljekki zehinli kompozitory Amandurdy Agajykow işçi maşgalasynda eneden bolýar. Onuň ýaşlyk ýyllary, gowgaly uruş ýyllaryna gabat gelip, örän agyr geçýär. Amandurdynyň dört erkek dogany bolup, uly doganlary fronta gidip, gelmändir. Galanlary bolsa gaty ýaş wagtlary aradan çykýar. 
Dramaturg Muhammetnur Gurbangylyjow
Ol täsin häsiýetli adamlaryň hilindendi. Begenjinem-gynanjynam kän bir ýüze çykaryp durmazdy. Özem gürlemekden diňlemegi gowy görerdi.
Artistler teatr hakynda
— Artistiň «oturymly» ýeriniň teatr bolmalydygyny ýaşyrmagyň geregi ýok. Ýöne mundan ekranyň mümkinçiliklerine, onda-da uçursyz uly mümkinçiliklerine biperwaý seretmeli diýip, netije çykarmaly däl. Başarsaň, ikisinde-de janyň-teniň bilen artist üçin iň mukaddes zada — ynanylan keşbiň maňzyny açmaklyga çalyşmaly. Ekran bolsun, sahna bolsun, parh goýman, ikisiniňem mümkinçiligini deň peýdalanyp, ilhalar keşp döretmeli.
Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Hümmedow
Ol wagtlar Talhatan stansiýasynyň çägi Ýolöten etrabyndan aýratynlykda, özbaşdak Kuýbyşew etrabydy. Her gezek etrap merkezine teatrlar iş saparyna gelende, biz köçelere ýelmenen bildirişleri görüp, uly adamlardan beter begenerdik.
Baýrammyrat Kerimowyň ýatlamalaryndan
— Ynsan durmuş ýolunda özüne edilen kiçijik ýagşylyklary hem unutmaýar. Oňa özi hem ýagşylyk bilen jogap bermegiň arzuwynda bolýar. Eger kimdir biri seniň ykbalyňy özgertjek, ýoluňa ýagty saçjak gapyny açyp, kämillige tarap iterse welin, ömürboýy şol adamy ýagşylykda ýatlaýarsyň. Hawa, meniň hem ýeňil bolmadyk artistlik kärimde uly üstünliklere ýetmegimde Türkmenistanyň halk artisti Muhammet Çerkezowyň goldawy uly boldy. Meniň bilen pikir...