Artistleriň durmuşyndan
Türkmenistanyň at gazanan artisti Şat Halykow şäher içindäki dükanlaryň birine girip barýarka ony bir ýigit saklapdyr-da: — Agam, sen artist dälmi? — diýip sorapdyr.  Şatdan «hawa» diýen jogaby alanyndan soňra, ol ýigit has beleň alyp: «Bol, onda meni güldür-dä» diýipdir. Şadyň yhlas edip düşündirjek bolmasy ýigidiň ýele ýanyndan hem geçmändir. Şat özelenip: «Inim, gülesiň, göwnüňi açasyň gelýän bolsa, teatra baraý» diýse-de,...
Töre Annaberdiniň degişmelerinden
Töre Annaberdiýew diýlende, ilki bilen, onuň döreden gülküli keşpleri, gürrüň beren degişmeleri ýadyňa düşýär. Onuň bilen sähel sa- lymlyk gürrüňdeşligem ýazyp ýören adam üçin ullakan baýlyga öwrülýärdi. Sebäbi onuň gürrüňleriniň gahrymanlaryny suratlandyrmak, häsiýet bermek ukyby ussatlygyň çür başydy. Bir ýola onuň bilen gazet üçin söhbetdeşlik taýýarlamaga şol wagtky Mollanepes adyndaky akademiki drama teatryna bardym. Söhbetdeşlige başlamazdan öňürti tas iki sagada...
Ýazyjy, dramaturg Kömek Kulyýew
Halypa ýazyjymyz, dramaturgymyz Kömek Kulyýew bilen gaýybana tanyşlygym biraz irräk wagtlardan başlanan-da bolsa, ýüzbe-ýüz görüşmek nesibäm bu güne ýazylan eken. Halypa ýazyjy bilen Türkmen döwlet medeniýet institutyndaky duşuşygymyz salam-helikden soňra dessine edebiýata ýazyp gitdi. Men Kömek aga gabatlaşsam soraryn diýip, ýyllarboýy aňymda göterip gelen sowallarymy «ýagdyryp» başladym. Sowallarymyň galabasy edebiýatyň esasy meseleleri däl-de, Kömek aganyň şahsy döredijiligi dogrusynda boldy.
Gulmyrat Agabaýewiň degişmelerinden
Teatrda sahna oýnuna taýýarlyk görlüp ýörkä, arakesmeden peýdalanyp, Gulmyrat aga kofe içýär. Artist kärdeşleri bolsa ony gürletjek bolýar. Şonda ol: «Gulmyrat aga-da Gulmyrat aga bolşup maňa hormat goýýanyňyzy bilýärin. Ýöne şu kofe içip otyrkam, maňa «Salawmaleýkimden» başga söz gatmasaňyz, şol maňa gaty uly hormat goýdugyňyz bolýar, ýigitler» diýýär.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Hajyýewa
Веrкаrаr döwletiň bagtyýarlyk döwründe öz zehini bilen täze keşpleri döredip, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýan artistleriň biri hem ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň artisti Gözel Hajyýewadyr. Ömrüni milli kino we teatr sungatymyzyň ösmegine bagyşlap, ýatda galyjy keşpleriň birnäçesini döredip, kesbinden kemal tapan artist pyýala gözlerini uzaklara aýlap, birden ýaşlyk ýyllaryny ýatlasa, birdenem halkymyzyň gadam basan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe uly ösüşleri...
Türkmenistanyň halk artisti Çaryýar Seýitliýew
Her bir hünäriňem özüne ýetik azaby, kynçylygy bolýar. Käbir hünärde islendik adam erjellik bilen zähmet çekse, işiniň ussady bolmagy başarýar. Emma käbir hünärlerde ussatlyk derejesine ýetmek üçin hökman ylahy zehin, aňyrdan berlen ukyp-başarnyk gerek bolýar. Artistçilik käri hem hut şeýle hünärleriň biri. Zehiniň aňyrdan berlen bolup, käriňe ak ýürekden ýapyşmasaň, saňa aňsat-aňsat per bermez. Türkmenistanyň halk artisti Çaryýar Seýitliýew hem...
Türkmenistanyň halk artisti Baýram Sadykow
Her bir teatryň Aman Gulmämmedowy, Sona Myradowasy, Ata Durdyýewi, Bazar Amanowy, ýene-de birentek halk artistleri, birtopar at gazanan artistleri bar. Metbugat şolar barada makalalar berýär, kitaplaram ýazylýar. Emma her teatryň Aga Şyhlyýew, Baýram Sadykow ýaly öz ömürlerini sahna bagyş edenlerem az däl. Aslynda welin milli teatr sungatymyzyň ösmegine önjeýli goşant goşan Baýram Sadykow ýaly ussatlaryň döredijiligi barada giňräk gürrüň edip...
Batyr Çaryýewiň ýandepderçesinden
Aktýor özüniň ýüreginde keşbe öwrülen sözleri sahnadan täsin röwüşde ýaýyp bilse, tomaşaçynyň kalbyna ýyly reňkli nagyş çekip biler.
Gözel Gurbanowa
Artist professional teatra birden gelmedi. Ol bu uly hem jogapkärli işe özüni ýaşlykdan taýynlady. Has dogrusy, höwesjeň artistlikden başlady. Baryp-ha 1963-64-nji ýyllarda Tejen etrabynyň medeniýet öýüniň halk teatryna gatnap, şol teatrda goýulýan oýunlarda çykyş edip, ökde artist diýdirýär. Ýaşlyk hyjuwy, zähmetsöýerligi, esasy zadam teatry, artistligi jany-teni bilen söýýänligi bilen bu gyz professional režissýorlaryň, artistleriň ünsüni özüne çekýär.
Hakyky türkmen bolup ýaşady
Ol ähli tarapdan türkmendi. Daş keşbi, boýy-syraty boýunça-da, gylyk-häsiýeti, endikleri boýunça-dat türkmendi. Mümkin şonuň  üçindir meşhur Alty Garly ýaş artist Baba Annanowy «Aýgytly ädim» çeper filminde Artygyň keşbine çagyrandyr. Bu ýaş zehinde Alty Garly hut hakyky türkmeniň keşbini görendir. Bir wajyp hakykaty ýatdan çykarmalyň. Geçen asyryň 60-njy ýyllaryna çenli türkmen kinosynda ýüzlerçe çeper filmler döredilse-de,  gynansagam, olarda hakyky türkmeni açyp...