Baba Annanow, Türkmenistanyň halk artisti
—  Aktýor dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini döretmeli bolýar. Ýöne keşp bar, keşp bar. Kino ýa-da teatr sungatynda janlandyrmaly keşbiň bolýar, ol edil ýel ykdyran kagyz ýaly uçup gidýär. Başga bir keşp bar — halkyň arasyna siňýär-de, dilden-dile geçip, uzak ýaşaýar. Aktýory Arşa çykarýanam, ony ussatlyk derejesine ýetirýänem şeýle keşpler bolýar.
Annaçary Kakabaýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti
— 1988-nji ýylda talyp döwürlerimdi. Şol wagtky Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda sahna bezegçisi bolup işleýärdim. Her hepdäniň şenbe, ýekşenbe günleri ýakyndaky daýhan birleşiklerine oýun görkezmäge gidilerdi. Bir gezek döredijilik toparymyz bolup, «Bally molla» spektakly bilen Gökdepäniň daýhan birleşiklerine sapara gitdik. Türkmenistanyň halk artistleri Abdylla Ýakubow bilen Ýagşymyrat Akyýewiň sahnada ulanýan hasalary bardy. Hersiniň hasasynyň aýry ölçegdedigini bilýärdim, ýöne üns...
Pursatlar
-  Halkymyzyň arasynda uly ussat hökmünde tanalan «Aýgytly ädim» kinosynda Aýnanyň keşbine ses beren aktrisa Täçbibi Gafurowa bilen tanyşmagy diýseň arzuw edýärdim. Meniň bu aktrisa bilen tanyşlygym talyp döwürlerim boldy. 1962-nji ýylda ussat režissýor Ýakow Sedman belli dagystan şahyry Resul Gamzatowyň goşgy bilen ýazylan «Dagly gyz» atly eserini sahnada goýupdy. Şonda men baş gah- ryman Asiatyň keşbini döretdim, Hajy Annamämmedow bolsa,...
Oguljan Bekiýewanyň Degişmelerinden
Oguljanyň orta ýaşly durmuşa çykmadyk jorasy: —  Gül ýaly görmegim bar. Biş-düşem aňry ýany bilen oňarýan. Şonda-da entek özüme mynasyp ýigit söz aýdanok-da — diýip, otursa-tursa aýdar eken. Onuň görenine göwni ýetmän, her kime bir at dakyp ýörendiginden habarly Oguljan: —  A gyz, sen «Balyň bal bolsa, siňek Bagdatdan geler» diýen nakyly eşitmänsiň öýdýän — diýip ýylgyrypdyr.
Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow
Ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýudy. Aşgabat atçylyk-sport toplumyndaky baýramçylyk çäresi ir säherden başlanypdy. Toplumyň töweregi adamlardan ýaňa hyň berýärdi. Hemmeler baýramçylyk keýpinde. Şowhunly tanslaram, folklor ansambllarynyň çykyşlaram, milli oýunlaram, sport çärelerem, mahlasy, medeni we sport çäreleriniň ählisi tomaşaçy baryny üýşüripdi.
Türkmenistanyň halk artisti Babageldi Rejebow
Awazanyň kenarynda edebi-sazly kompozisiýalaryň birinde çykyş etmelidi diýen pikir bilen ýola çykan Babageldi Rejebow öňünde nähili bagtly pursatlaryň garaşýanlygyndan bihabardy. Türkmenbaşy şäheriniň Ruhyýet köşgiinde hormatly Prezidentimiziň hut öz elinden «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň şahadatnamasy we döwlet nyşany gowşurylanda, ol ömründe ilkinji gezek taýýarlyksyz sahna çykdy. Gahryman Arkadagymyzyň öz zähmetine beren belent bahasyna hoşallygyny beýan etmek üçin ýürek buýsanjyny...
Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew bilen söhbetdeşlik
Biz «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi, şahyryň keşbini sahnada janlandyrmakda uly işleri amala aşyran Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew bilen teatr sungatynyň aýratynlyklary dogrusynda söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Anna aga, ilki bilen mynasyp bolan «Magtymguly Pyragy» medalyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Suwhanowa
Teatryň kaşaň binasyna girenimde, töweregiň dym-dyrslygy birbada howumy basman durmady. «Iş güni dälmikä?» diýen içgepletmeler bilen basgançakdan ýokaryk galyp ugradym. Şol pursat tomaşa zalyndan sazyň, yz ýanyndanam artistleriň şatlyk-şowhunly sesleri eşidildi. Zala bakan ýöräp ugradym. Sahnada täze spektaklyň görkezilişi bolup, teatryň işgärleriniň ählisi diýen ýaly şol ýerde eken. Yzky oturgyçlaryň birinde oturyp, gahrymanymy sahnadan gözledim. Ýöne halypa artist Akjagül Suwhanowany...
Türkmenistanyň halk artisti Annamyrat Berdiýew
Teatr – nähili jadyly söz, jadyly dünýä. Ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademik drama teatrynyň sahnasy. Meşhur teatr ussatlarynyň döreden şowly keşpleriniň şaýady bolan şol gadymy sahna. Şu günler ýurdumyzyň birnäçe halk artistlerini gerdeninde uly söýgi bilen göterip ýören  sahna.
Artist Amangül Mämmetýazowanyň degişmelerinden
Amangül bir jorasy bilen toýa ugrapdyr. Ýolda jorasy oňa ýüzlenip: — Jora jan, meniň şolara barasym, asla ýüzlerini göresim gelenok — diýipdir-de, yzyna gaýtmakçy bolupdyr. Şonda Amangül oňa: — Olaryňam seni göresleri gelip duran däldir. Barmasaň guşlary uçar. Baryp içlerini ýak. Goý, begenmesinler — diýip maslahat berip, ony ýoldaş edinipdir.