Ol hakda bir zatlary kagyza geçiräýmek meýlimiň bardygyny syzdyramda, ýegre dostlarynyň biri, Türkmenistanyň halk artisti Muhammet Bekiýew güldi-de:
— Weý, jan inim, oň ýarasy ýeňil-ä, tut ýakasyndan, «Özüň hakda öz ýazan goşgyň bar eken» diýip, sypdyrma. Alybilseň, şo setirleň ählisi onuň ömür ýoly hakda gürrüň berip durandyr — diýdi.