Ussadyň sarpasy
Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň çagalar sungat mekdebinde Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli «Owazasy dünýä dolan halypa» atly edebi-sazly agşam geçirildi.
“Ak gämi” sahnada
Golaýda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Ak gämi» atly drama oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewiň režissýorlygynda sahnalaşdyrylan oýnuň saz bezegini Mämmet Hydyrow bilen Elman Geldimyradow ýerine ýetiren bolsa, oýnuň dowamyndaky tanslary Urmatkan Meläýewa goýupdyr.
Sahna oýny görkezildi
Golaýda Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary Mary welaýatynda iş saparynda boldular. Teatryň sahna ussatlary özleriniň taýýarlan Georgiý Hugaýewiň “Andro we Sandro” hem-de S.Astrahansewiň “Gyzyl şyrdajyk” atly sahna oýunlaryny tomaşaçylara hödürlediler. Komediýa žanrynda ýazylan “Andro we Sandro” atly ýiti degişmelerden doly sahna oýny kawkaz halkynyň özboluşly häsiýetini açyp görkezýär.
Nusgawy sazlar ýaňlandy
Ýakynda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrutomow bilen Russiýa Federasiýasynyň at gazanan artisti, Sankt-Peterburgyň N.A.Rimskiý-Korsokow adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň rektory, sazanda Alekseý Wasilýewiň gatnaşmagynda konsert geçirildi.
"Toýumyza gel, toýumyza!"
Bütin Ýer ýüzünde giňden bellenilýän 8-nji mart — Halkara zenanlar gününde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Toýumyza gel, toýumyza!» atly täze sahna oýnunyň görkezilişi boldy. Oýnuň görkezilişine medeniýet we sungat ussatlary, bu ugurdan bilim alýan talyplar, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Toý ýylynyň şowly gadamlary
2020-nji ýyl şowly gadamlar bilen başlandy. Ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň döredijilik topary bu toý ýylymyzda ýörite, giňişleýin düzülen döredijilik meýilnamasyny taýýarlady. Sahnalaşdyrylmaly eserleriň görnüşleriniň dürli, many-mazmuny babatda sagdyn, çeperçiliginiň ýokary derejede bolmalydygy bilen baglanyşykly döredijilik maslahaty geçirildi. Spektakllaryň käbirini sahnalaşdyrmak işleri eýýäm uly höwes bilen başlanyldy.
Duşuşyk geçirildi
Golaýda Döwletmämmet Azady adyndaky milli dünýä dilleri institutynda  A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry myhmançylykda boldy. Bu ýerde teatryň döredijilik topary institutyň talyplary, paýtagtymyzdaky 64-nji we 131-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň  okuwçylary bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi.
Halypa bagyşlanan duşuşyk
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň ömri we döredijiligine bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi.
Göwünleri galkyndyrdy
Golaýda Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatry diýseň köp adamly boldy. Bu ýerde Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry öz sahna oýunlary bilen çykyş etdiler. Iki gün dowam eden, jemi dört görkezilişden ybarat bolan sahna oýnudyr gülki agşamy welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň ruhuny göterdi.