Häzirki mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşy döwründe olara medeni hyzmatlary guramak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleri Gökderedäki “Şöhle”, “Nebitçi” “Altyn ýyldyz” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde göçme sirk tomaşalaryny görkezdiler. Bu göçme sirk tomaşalarynda masgarabazlar Röwşen Meläýewiň, Pena Myratdurdyýewiň we Arça Meredowyň şadyýan, gülküli çykyşlary çagalarda uly täsir galdyrdy. Arslan Kurraýewiň katuşkalarda deňagramlylygyny saklap, edýän...