Sirk artistleri çagalaryň arasynda
Häzirki mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşy döwründe  olara medeni hyzmatlary guramak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleri Gökderedäki “Şöhle”, “Nebitçi” “Altyn ýyldyz” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde göçme sirk tomaşalaryny görkezdiler. Bu göçme sirk tomaşalarynda masgarabazlar Röwşen Meläýewiň, Pena Myratdurdyýewiň we Arça Meredowyň şadyýan, gülküli çykyşlary çagalarda uly täsir galdyrdy. Arslan Kurraýewiň katuşkalarda deňagramlylygyny saklap, edýän...
«Näzli dildarym» sahna çykanda...
Nähili bolýandyr öýdýäňiz? Sahna-ha şowhuna beslenýär, tomaşa zaly bolsa myhmanlardan ýaňa hyryn-dykyn bolýar. Munuň hut şeýle bolýandygyna dek düýn Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda bu oýna tomaşa edenler göz ýetirendirler. Teatryň döredijilik toparynyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlap sahnalaşdyran «Näzli dildarym» atly oýny, sözüň doly manysynda, baýramçylyk sowgady bolupdyr. Sebäbi bu spektaklyň tutuş...
Teatryň baýramçylyga sowgady
Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda «Bir bakyşda» atly spektakl görkezildi. Dramaturg G.Nazarowyň edebi esasyny ýazan pýesasy boýunça režissýor D.Hudaýberdiýewiň sahnalaşdyran spektaklynda Türkmen kölüniň boýundaky obalaryň birinde ýaşaýan ýaş juwanlaryň başdan geçirýän wakalary barada gürrüň berilýär. Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli sahnalaşdyrylan spektaklda S.Hanalyýew, E.Akmyradowa, N.Mollaýewa,...
Halk teatrlarynyň bäsleşigi
Mälim bolşy ýaly, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzda giňden bellenilýär. Bu baýramçylyk çäreleri medeniýetiň we sungatyň ähli görnüşlerini özünde jemlemek bilen birlikde, türkmen halkynyň köpasyrlyk döredijilik, ruhy tejribesini ýurdumyzda we dünýäde wagyz etmäge şert döredýär. 
«Geçi dawasy» sahnada
Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet-sazly drama teatrynda dramaturg G.Wekilowyň pýesasy boýunça režissýor Ç.Dolyýewiň sahnalaşdyran «Geçi dawasy» atly komediýa görkezildi. Täze spektaklda goňşy bolup ýaşaýan iki maşgalada kemala gelen ýaşlaryň arasynda dörän söýgi barada gülküli wakalaryň üsti bilen gürrüň edilýär. Diňe söýgi hakynda söhbet açýan spektaklda teatryň artistleri...
“Nejeboglan” baýramçylyk sowgady
Däp bolup gelşi ýaly, Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda «Nejeboglan» atly täze opera taýýarlandy. Halypa dramaturg, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň «Nejeboglan» halk dessany esasynda ýazan librettosy boýunça tanymal režissýor Aýnazar Batyrowyň sahnalaşdyran täze operasynda Nejeboglanyň başdan geçirýän wakalary täsirli açylyp görkezilýär.
Sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy
Bilşimiz ýaly, Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligine gabatlanyp geçirilýän çäreler dowam edýär. Neşirýat önümleriniň sergisiniň açylmagy, degişli ylmy-maslahat, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi hem-de sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konsert hepdeligiň üçünji gününiň esasy wakalary boldy. 
Teatr artistleri çagalaryň arasynda
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň çagalar sagaldyş dynç alyş merkezlerinde, orta mekdepleriň ýanynda dynç alyş meýdançalarynda mekdep okuwçylarynyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynyň tomusky dynç alyş möwsümi şatlykly dowam edýär. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi döwründe olara medeni hyzmatlary guramak, döredijilik duşuşyklaryny geçirmek boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde degişli ministrlikler bilen bilelikde medeni-köpçülikleýin...
Wäşileriň bäsleşigi jemlenildi
Ýakynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň başynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan yglan edilen ýurdumyzyň wäşileriniň arasyndaky tapgyrlaýyn geçirilen “Şahandazlar” atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Bu döredijilik bäsleşigiň saýlama tapgyry welaýat merkezlerinde geçirildi. Onda türkmeniň gadymdan gelýän milli ruhuna mahsusbolan şahandazlygyny, şadyýanlygyny, suhangöýlügini ýomaklar, şorta sözler we...