Täze, 2022-nji ýyla ýurdumyzyň teatrlary hem baýramçylyk sowgatlary bilen geldiler. Baş drama teatrynyň taýýarlan «Gülki agşamy» atly çykyşlary tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrýar. Sahna keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirýän teatr artistleri Gülşat Tahyrowanyň, Selbinýaz Berdiýewanyň, Azat Didarowyň, Çary Hommadowyň, Haýytmyrat Durdyýewiň, Atajan Annaberdiýewiň, Aşyr Mämmedowyň çykyşlary, Şemşat Kasymowanyň Täze ýyl hakdaky türkmen, iňlis dillerinde ýerine ýetirýän aýdymlary gyzgyn el...