Aýdogy Gurbanowyň ýatlamalaryndan

Käte-käte geçilen ömür menziline nazar aýlaýaryn. Şonda bile işleşmek miýesser eden zehinli kärdeşlerimiň nurana keşpleri göz öňümde janlanýar. Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň ortalarynda belli artist we kinorežissýor Alty Garlyýewiň «Aýgytly ädim» atly çeper filmi surata düşürýändigi barada habar ýaýrady. Bu habary eşidenimden köp wagt geçmänkä, dostum, zehinli kompozitor Nury Halmämmedow şol çeper filmde aýdyljak aýdymyň notasyny alyp ýanyma geldi. Ol maňa täze surata düşürilýän çeper filmiň baş gahrymany Artygyň aýtmaly aýdymy barada gysgajyk gürrüň berip, şol aýdymy hem meniň ýerine ýetirmelidigimi düşündirdi.

Täze aýdymy öwrendim. Ony ýekelikde birnäçe gezek aýdyp gördüm. Soňra kompozitor N.Halmämmedow kinorežissýor A.Garlyýewiň aýdymy diňläp görmekçi bolýandygyny, ikimiziň wagt ýitirmän, onuň ýanyna barmalydygymyzy aýtdy. Biz bellenilen wagtda A.Garlyýewiň ýanyna bardyk. Ol aýdymy ünsli diňläp, meniň aýdym aýdyşymdan hoşal boldy. Ol:

— Aýdogdy jan, aýdym atyň üstünde aýdylmaly. Bu «Artygyň aýdymy» bolmaly. Romany okap gören bolsaň, Aýnanyň ýylgynyň içinde Artyga garaşýan ýeri bardyr. Sen bu aýdymy hamala özüň atyň üstünde ýaly edip aýt — diýdi.

Ýöne soň, aýdymy atyň üstünde ýaly edip aýtsaň, sesiň owadan ýaňlanmajakdygy nazara alnyp, pikir üýtgedi. Netijede bu aýdym çeper filmiň Artygyň ýer sürýän bölüminde aýdyldy. «Aýgytly ädim» çeper filmi dünýäniň ençeme döwletinde görkezildi. Tomaşaçylar «Artygyň aýdymyny» uly höwes bilen diňlediler. Ol köpleriň söýgüli aýdymyna öwrüldi. Her gezek çeper filme özboluşly bezeg beren şol aýdym ýaňlananda, milli sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan belli kinorežissýor A.Garlyýew, ussat kompozitor N.Halmämmedow ýadyma düşýär. Iki beýik ussadyň zehini bilen dörän bu aýdym maňa hem aýdymçy hökmünde uly üstünlik getirdi.